«Marygazçykaryş» müdirliginiň Ýaşaýyş jaý-jemagat kontorasynyň işgärleri Mary welaýatynyň Şatlyk şäheriniň ilatynyň gündelik oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edilmegi üçin maksatnamalaýyn işleri alyp barýarlar. Şäheriň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, gyş paslynda ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamynyň kadaly işlemegini gazanmak, durmuş hajatlaryndan çykýan lagym suwlaryny suw arassalaýjy desgasyna akdyrmak we ony biologik usulda arassalamak, şäheriň abadançylygyny üpjün etmek kärhananyň zähmet adamlarynyň berjaý edýän işleriniň esasy bölegini düzýär.
Gazçylar şäheriniň ilatyna agyz suwy ýylyň bütin dowamynda merkezleşdirilen usulda berilýär. Bu ýerde ilatyň sany barha artýar. Şoňa görä, suw üpjünçiliginde bökdençligiň bolmazlygy üçin edaranyň işgärleri tarapyndan bellenilen meýilnama laýyklykda, iş çäreleri geçirilýär. Suw geçirijileriň degişli ýerlerinde, elektrik hereketlendirijilerinde, sorujylarda, baglaýjylarda bejeriş-abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär.