Alkyşa mynasyp gazçylar

Alkyşa mynasyp gazçylar

Döwletimiz tarapyndan halkymyza berilýän eşretleriň biri — tebigy gaz bilen ilaty ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün etmek gaz hojalyk edaralarynyň işgärleriniň baş aladasy bolup durýar. Şoňa görä, olar sarp edijileri «mawy ýangyç» bilen gündelik ýeterlik möçberde üpjün etmek bilen birlikde, gaz enjamlarynyň tebigy gazyň köp sarp edilýän döwri bolan gyş möwsümine birkemsiz taýýar edilmegini hem hemişe üns merkezinde saklaýarlar.

Bu möhüm işler «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň Mary welaýatynyň şäherlerindäki hem-de etraplaryndaky gaz hojalyk edaralarynda-da bellenilen meýilnama laýyklykda takyk we sazlaşykly guralýar. Müdirligiň «Sakarçägeetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň etrabyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmekde alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr. Kärhananyň gazçylary etrabyň çägindäki umumy uzynlygy bir müň bir ýüz segsen bir kilometr bolan ýokary, orta, pes basyşly gaz geçirijilere, gaz paýlaýjy desgalaryň elli birisine, gaz sazlaýjy enjamlaryň üç ýüz kyrk üç sanysyna hyzmat edýärler. Olar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen atlandyrylan 2026-njy ýylyň güýz-gyş möwsüminde-de ilatyň tebigy gaz bilen üpjünçiliginde bökdençligiň bolmazlygy üçin taýýarlyk işlerini bellenilen iş meýilnamasyna laýyk alyp barýarlar. Bu ýerde bar bolan gaz enjamlaryna tehniki taýdan hyzmat ediş işleri tehnologik talaplara laýyk, ýokary hilli geçirilýär. Şu möhüm işleriň öz bellenilen wagtynda ýokary hilli geçirilmegi üçin edaranyň hyzmat ediş gulluklarynyň hemmesiniň işgärleri işjeňlik görkezýärler. Edaranyň daşary gaz geçirijiler gullugynyň slesarlary Baýsähet Durdyýew, Maksat Babaýew, içeri öý gullugynyň slesarlary Batyr Garaýew, Arslan Atajumaýew, heläkçiligiň öňüni alyş gullugynyň slesarlary Perhat Ýaýlymow, Altymuhammet Hojaýusubow dagy has tapawutlanyp zähmet çekýän halypa işgärlerdir.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl