Soňky ýyllarda tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi konserniň önümçilik düzümleriniň arasynda hemişe öň hatarda bolmagyň hötdesinden gelýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» geçen iki aýynda müdirlikde hereket edýän guýulardan alnan «mawy ýangyjyň» möçberi 513 million kub metre golaýlap, bu baradaky meýilnama 114 göterimden geçirilip ýerine ýetirildi. Şunda bellenilen meýilnamadan artyk çykarylan «mawy ýangyjyň» möçberi 62,8 million kub metre golaýlady.
Gürrüňi edilýän hasabat döwründe tutuş konsern boýunça çykarylan tebigy gazyň üçden iki bölegine barabarynyň hut şu müdirlige degişlidigini hem aýratyn nygtamak gerek. Bu müdirlik Günbatar Türkmenistanyň çäklerindäki Körpeje, Çekişler, Altyguýy ýaly ýataklarda hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjy» çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak işini birkemsiz ýola goýmagy başarýar. Kärhananyň zähmet toparlary şu ýylyň ilkinji üç aýynyň 686 million kub metr «mawy ýangyç» çykarmak baradaky meýilnamasyny has artygy bilen ýerine ýetirmegi maksat edinýärler. Ýeri gelende aýtsak, körpejeli hünärmenler geçen iki aýda gaz guýularyndan alynýan gaz kondensatynyň hasabyna 9 müň tonnadan gowrak nebit tabşyrmak baradaky meýilnamany hem 110 göterime barabar berjaý etmegiň hötdesinden geldiler.