Ruhubelent gazçylar

Ruhubelent gazçylar

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Çöllük» önümçilik edarasynyň gazçylary şu ýylyň ilkinji çärýegini netijeli jemlediler. Gaz gysyjy, ugur ulanyş, elektrosuw üpjünçiligi, awtomatika we elektrohimiýa gorag gullugy ýaly gulluklardan hem-de awtoulag hojalygy, abatlaýyş-gurluşyk topary ýaly bölümçelerden ybarat edarada şu günler alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyş bolanyňda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus bolan ýokary ruhubelentligi we ajaýyp zähmet joşgunyny duýmak bolýar. Edarada bar bolan gaz gysyjy, gaz geçiriji desgalarda onuň günortasynda ýerleşýän «Garagum» gaz gysyjy bekedinden gelýän tebigy gazy arassalap we güýçlendirilen görnüşinde «Ýylanly» önümçilik edarasyna üstaşyr geçirmek bilen meşgullanýan işçi-hünärmenler gaz desgalarynyň zerur ýerini düýpli abatlamak hem-de geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak işlerini hem utgaşykly alyp barýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, edaranyň işgärleri ýurdumyzyň gaz känlerine baý bolan gündogar böleginden alynýan tebigy gazy Diýarymyzyň demirgazygyndaky içerki sarp edijilere ýetirmek bilen bir hatarda, onuň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem ýokary netijelere eýe bolýarlar. Muňa mysal edip, bu ýerde «Türkmenabat — Derýalyk» gaz magistralynyň ugry bilen Ýewropa tarap tebigy gazy akdyrmak hem-de zerur bolan halatynda onuň mukdaryny aýba-aý artdyrmak ugrunda şu günler durmuşa geçirilýän wajyp işleri görkezmek bolar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygaryna beslenen şu ýylymyzyň häzirki günlerinde ýurdumyzda emele gelen ýokary ruhubelentlik bolsa edaranyň gazçylaryny ýylyň belent sepgitlerine hem-de täze zähmet rowaçlyklaryna galkyndyrýar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl