Şanly senä sowgatly barýarlar

Şanly senä sowgatly barýarlar

Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň ruhubelent işgärleri ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi we hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyny saldamly zähmet sowgatlary bilen garşylamagy baş wezipeleri hasaplaýarlar. Önümçilik bölümlerinde şeýle belent maksada abraý bilen ýetmek ugrunda hakyky zähmet gaýnap joşýar. Şonuň netijesinde içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri öndürmekde gowy netijeler gazanylýar.

Biziň söhbetdeşimiz – müdirligiň önümçilik dispetçer gullugynyň başlygynyň orunbasary Şatlyk Öwlýakulyýewiň aýtmagyna görä, bu gullukda müdirlige degişli desgalar toplumlarynda gazanylýan önümçilik netijeleri hakyndaky maglumatlar kabul edilip alynýar we umumylaşdyrylýar. Olary seljermek arkaly tebigy gazy gaýtadan işleýjileriň ümzüginiň öňedigine göz ýetirmek kyn däl. Müdirlik boýunça şu ýylyň sekiz aýynda suwuklandyrylan gazyň 61,7 müň tonna golaýy öndürildi. Şonça harytlyk önümiň aglaba bölegi, has takygy, 56,6 müň tonnadan gowragy eksporta ugradyldy. Olar daşary ýurtly sarp edijilere demir ýol çelekleri we awtoulaglar arkaly yzygiderli ugradylýar. Howanyň sowap, bu ýangyja islegiň has artýan döwri bolan gyş aýlarynda bolsa bu işiň depgini has ýokarlanar. Şol sebäpli müdirlikde möhüm möwsüme ulgamy taýýarlamak boýunça zerur işleriň uly toplumy ýerine ýetirilýär. Ol Gazojak şäherindäki suwuklandyrylan gazy kabul edýän we demir ýol hem-de awtomobil çeleklerine ýükleýän, şeýle-de Naýyp gaz känindäki suwuklandyrylan gazy kabul edýän we saklaýan desgalaryň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly işleri hem öz içine alýar. Gaz gurluşykçylar bu möhüm işleri depginli we gerimli alyp barýarlar. Möhüm taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa işleri täze talaplara laýyklykda guramaga giň mümkinçilik açar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993