TNGIZT sebitiň iri senagat önümçiligidir

TNGIZT sebitiň iri senagat önümçiligidir

Merkezi Aziýanyň hem-de Hazar sebitiniň örän iri senagat kärhanalarynyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) önümçilik mümkinçiligi ýokary derejede peýdalanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gurlup işe girizilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa nebit önümlerini öndürýän desgalaryň onlarçasy gije-gündiz işleýär. Şol desgalaryň biri-de zawodlar toplumynyň 1-nji sehidir.

TNGIZT-niň 1-nji sehinde 124 işçi zähmet çekip, nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän, onuň düzümindäki duzy elektrik usuly bilen aýryjy 4 sany — ELDAD-HT-2, ELDAD-HT-3, ELDAD-HT-6, ELDAD-HT-7 desgalary hereket edýär. Ýokary hilli nebit önümlerini öndürýän bu desgalardan ELDAD-HT-6 desgasy 2008-nji ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda işe girizildi. 2015-nji ýylyň dekabr aýynda bolsa milli Liderimiziň tagallasy bilen ýyllyk kuwwaty 3 million tonna «gara altyny» gaýtadan işlemäge ukyply bolan ELDAD-HT-7 desgasy nebiti gaýtadan işleýjilere ulanmaga berildi.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993