Ynamly gadamlar bilen

Ynamly gadamlar bilen

Şu ýylyň ýedi aýynda gazanylan önümçilik görkezijileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň oňat netijeler bilen jemlenjekdigini çaklamaga esas berýär. Bu babatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleriniň bitirýän işleri öwgä mynasypdyr.

— Şanly ýyla ynamly gadam basdyk. Görkezijilerimiz hem barha ýokarlanýar. Şu ýylyň geçen ýedi aýynda müdirligimiz boýunça tebigy gazyň 7 milliard 214,6 million kubmetrden gowragy öndürildi. Munuň özi meýilnamanyň 127 göterimden gowrak berjaý edilendigini görkezýär. Ýylyň geçen döwründe Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi arkaly «mawy ýangyjyň» 4 milliard 466,5 million kubmetrden gowragy akdyryldy. Şonça harytlyk önümiň agramly bölegi bolsa dostana Hytaý döwletine ugradyldy — diýip, müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow gürrüň berýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993