«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň şäher hem-de etrap gaz hojalyk edaralarynyň işgärleri ýörite düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda gaz geçirijileri, gaz paýlaýjy hem-de gaz sazlaýjy enjamlary güýz-gyş möwsümine taýýarlamak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar.
Müdirligiň «Baýramalyşähergaz» gaz hojalyk edarasy jogapkärli möwsüme taýýarlyk görmekligiň çäginde enjamlarda bejeriş, abatlaýyş, durkuny täzeleýiş hem-de täze gaz geçirijilerini gurmak işleriniň iň göwnejaý guralýan kärhanalarynyň biridir. Edaranyň gazçylary umumy uzynlygy iki ýüz otuz bir kilometre barabar bolan ýokary hem-de orta basyşly gaz geçirijilerine hyzmat edýärler. Şäheriň ýaşaýjylarynyň on üç ýarym müňe golaý hojalygy, şeýle hem edara-kärhanalar döwletimiz tarapyndan ilatymyza berilýän tebigy gaz bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edilýär.