Garaşsyzlyk ýyllarynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Önümçiligiň durkunyň düýpli täzelenilmegi, täze önümçilik desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi işleriň netijeliligini has ýokarlandyrmak bilen birlikde, içerki we daşarky bazarlarda ösen islegden peýdalanýan önümleri köp möçberlerde öndürmäge-de amatly şertleri döretdi. Munuň şeýledigine 2015-nji ýylda işe girizilen ýol bitumyny öndürýän desganyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Kämil desganyň ulanylmaga berilmegi çig mallary has çuňňur gaýtadan işlemäge, şonuň netijesinde ýene bir geçginli önümi içerki we daşarky bazarlara çykarmaga mümkinçilik berdi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallalary arkaly ýurdumyzda ýol gurluşygynyň gerimi ýyl-ýyldan giňelýär. Şeýle amatly ýagdaý bu önüme bolan islegiň düýpli artmagyny şertlendirdi. Gowy hilli we gerekli önümleriň hyrydarlarynyň hataryna daşary ýurtly işewürler hem barha işjeň goşulýarlar. Indi birnäçe ýyldan bäri gündogar welaýatyň bu iri senagat kärhanasyndan ýol bitumy goňşy Özbegistan döwletine yzygiderli ugradylýar. Şeýle peýdaly hyzmatdaşlyk üstümizdäki ýylda hem üstünlikli dowam etdirilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen döwründe dostana ýurda bu önümiň 1300 tonnasy ugradyldy. Baglaşylan şertnama laýyklykda, ýylyň aýagyna çenli bu görkeziji 3000 tonna ýetiriler.