Türkmenistanyň Prezidenti içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerini tassyklady
17:00 24.01.2022 6231
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri, şol sanda awtobenzin, dizel we gämi ýangyjy, şeýle hem awiakerosin boýunça möçberi tassyklady.
Resminama “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik birleşiklerini, hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem bu önümleri has rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.
Degişli Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda hödürledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetde ýangyç-energetika toplumynyň eýeleýän uly ornuny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşynyň hem-de gaýtadan işlenilişiniň möçberini, ýurdumyzyň içerki we dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän köpdürli nebithimiýa önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmagyň hem-de görnüşlerini giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.
Türkmen Lideri pudaga häzirki zamanyň serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmaga, energetika pudagynyň kärhanalarynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Prezident degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de onuň düzgünleriniň degişli derejede berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň saýlawçylary Türkmenistanyň Prezidentligine Demokratik partiýadan dalaşgär bilen duşuşdylar
Çarşenbe güni Lebap welaýat häkimliginiň maslahatlar zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hödürlenen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Merkezi saýlaw topary Türkmenistanda Prezidenti wezipesine dalaşgärleri bellige almak çäresini tamamlady
Türkmenistanda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri bellige almak çäresi tamamlandy. Dalaşgärleri hödürlemek hem-de bellige almak çäresi tamamlanandan soň, iň ýokary döwlet wezipesine hödürlenen dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklary geçirilýär. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Astanada “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky birinji sammite gatnaşar
Prezident Serdar Berdimuhamedow 30-njy maýda Astanada geçiriljek “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine iş saparyna görülýän taýýarlyk barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Raşid Meredow Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy
13-nji awgustda Ankarada saparda bolan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.