Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
15:30 20.10.2021 6185
19-njy oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Hazar sebitiniň ýangyç serişdelerini özleşdirmek ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu babatda hukuk kadalaryna esaslanýan ylalaşykly halkara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak ýörelgeleri möhüm ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Hazar deňzinde “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Gurbanguly Berdimuhamedowa “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda alyp barýan işleri, şol sanda Hazarda taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berip, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek nygtady.
Türkmen Lideri Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwatyndan umumy abadançylygyň bähbidine netijeli peýdalanmaga çalyşýandygyny belläp, nebitgaz ulgamyny sanlylaşdyrmaga, pudaga ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalary hem-de ylmy-tehniki ösüşiň iň gowy gazananlaryny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Bu babatda daşary ýurtlaryň, şol sanda rus kompaniýalarynyň öňdebaryjy tejribesi netijeli ulanylyp bilner. Russiýanyň kompaniýalary bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.
Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow we “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitlilik hem-de uzak möhletleýin esasda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.