Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
09:07 29.09.2021 6800
Şenbe güni, 25-nji sentýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan mejlisi geçirildi.
Mejlise Halk Maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, hormatly il ýaşululary, halkyň ähli gatlagynyň wekilleri gatnaşdylar.
Garaşsyzlygyň 30 ýylynda türkmen döwletiniň gazanan üstünlikleri umumymilli çäräniň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşylan esasy tema boldy. Şeýle-de Türkmenistany mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda özygtyýarly ösüş ýyllarynda ýurduň gazanan ägirt uly sepgitlerini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, taryhy taýdan örän gysga döwürde türkmen halky özüni parahatçylyk söýüji, gurmagy we döretmegi başarýan dostlukly millet hökmünde görkezdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda kuwwatly ykdysady ösüşiň çuňňur binýadynyň esaslandyrylmagyna ünsi çekmek bilen, milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmagyň hem uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti bardyr. Türkmen tebigy gazynyň täze energetika köprüsi Günorta Aziýanyň uly ýurtlaryna ony uzak möhletleýin ibermegi üpjün edip, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. Sebitde işewür hyzmatdaşlygy, parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrar.
Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky» Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutany mejlisiň ahyrynda nobatdaky kitabyny ýazyp gutarandygyny hem-de ony «Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýip atlandyrandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlygymyzyň milli köklerini, taryhy ähmiýetini men şu kitabymda açyp görkezmäge çalyşdym. Häzirki döwrüň örän möhüm wezipelerini çözmekde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýynyň ornuny beýan etmäge synanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze eseriň gyzykly hem-de peýdaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine sowgat boljakdygyna ynam bildirdi.
Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Milli Geňeşiň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşany bolan Altyn şaý milli manadymyzy gowşurmak dabarasy boldy.
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.