TNGIZT Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergide täze önümini görkezdi

TNGIZT Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergide täze önümini görkezdi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda 21-22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň gazananlarynyň sergisi geçirildi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) sergide ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň mümkinçiliklerini artdyrmakda nobatdaky gezek ýeten sepgitlerini görkezdi.

Şu ýyl TNGIZT awiasion ýangyjyň nobatdaky görnüşini — Jet A-1 ýangyjyny — ТС-1 awiasion kerosininiň ýewropa analogyny öndürmäge girişdi. Ol hem TNGIZT-de öndürilýär. Ýangyjyň bu görnüşi Airbus we Boeing ýaly ýolagçy howa gämileriniň gazturbinaly hereketlendirijilerinde peýdalanylýar.

Şeýle hem meýdanlary işläp taýýarlamakda oba hojalygynda giňden peýdalanylýan An-2 uçarlary üçin awiaýangyç önümçiligi ýola goýulýar. Gazdan awtomobil ýangyjy üçin ýokary oktanly goşundylary almak boýunça desgada öndürilen ýokary oktanly komponent eýýäm barlaghana barlaglaryny we degişli şahadatnamalaşdyrmany geçdi. Öň ýangyjyň bu görnüşini daşary ýurtlardan satyn almaly bolýardy.

TNGIZT şeýle hem täze örtük önüminiň — polipropilenden ak örtgüleriniň önümçiligini hem ýola goýdy. Bu hili örtgüler konditer önümlerini we sowgatlary gaplamak üçin ulanylýar. Bu önümi içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurtlara hem eksport etmek meýilleşdirilýär.

Bu täzelikler TNGIZT-niň eýýäm müşderilere öňden mälim önümleri bilen birlikde sergi diwarlygynda görkezildi.