Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň DIM-niň ýolbaşçylary Owganystanyň täze Höküümeti bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
12:10 23.09.2021 16052
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «C5+1» formatynda geçirilen onlaýn duşuşykda Owganystanyň täze Hökümeti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary hem-de Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri «C5+1» sebitleýin diplomatik platformasynyň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen, onuň 2021-nji ýylyň dowamynda owgan meseleleriniň, COVID-19, ykdysady gatnaşyklaryň hem-de howanyň üýtgemeginiň meseleleriniň utgaşdyrylmagy boýunça derwaýys gepleşikleriň ilerledilmegindäki netijeliligini belläp geçdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bu formatyň çäklerinde geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň ähmiýetini bellemek bilen, bu görnüşdäki gepleşikleriň sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak hem-de olar boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik berýändigini nygtady.
MA ýurtlarynyň hem-de ABŞ-nyň işewürler düzümleriniň işjeň özara hereket etmegi üçin ýörite platformanyň döredilmegi baradaky pikir beýan edildi. Bu formatyň ýurtlarynyň ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar we ulag ulgamyndaky özarabaglanşyklylyk ýaly ugurlar boýunça mümkinçiliklerini berkitmegiň hem-de giňeltmegiň derwaýyslygy bellenilip geçildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen duşuşygyň çäklerinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit howpsuzlygynyň wehimlerine we howplaryna garşy göremek ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen diplomatik gepleşikleriň dowam edilmegine gyzyklanma bildirleriler.
Mundan başga-da, göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşikleriň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda, howanyň üýtgemegine we ekologiki meselelere garşy göreşmek, sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň giňeldilmegi netijeli gatnaşyklaryň derwaýys ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Prezidenti bilen energetika we ulag ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda geçirilen duşuşykda energetika we ulag ulgamyndaky taslamalar boýunça işleri işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada gürrüň edildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda aýdylýar.
Birža söwdalarynda içerki we daşaky bazarlara polipropilen ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Özbegistanyň energetika ministri OGT – 2024 halkara forumyna gatnaşar
Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow 23-25-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” (OGT 2024) halkara maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Ol “Ählumumy energetika bazarynyň täze ugurlary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk” atly umumy mejlisde çykyş eder diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.
Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär
Ýene sanlyja günden Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny — dürli yklymlarda ýerleşýän 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyndaky özgertmeler bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli çäräni kabul eder.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.