Nebitgaz toplumynyň kärhanalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşýar
12:11 23.09.2021 16726
21-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän, däbe öwrülen sergi milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň beýanyna, ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban halkymyzyň döredijilik güýç-kuwwatynyň subutnamasyna öwrüldi.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça deňsiz-taýsyz işleri şöhlelendirýän köp sanly diwarlyklar munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu işleriň ählisi milli ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýar. Sergä ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän esasy döwlet düzümleri we hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşýarlar. Innowasion tehnologiýalara we nou-haulara aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty we mümkinçilikleri “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Gyýanlydaky Polimer zawodynyň giň gerimli diwarlyklary arkaly görkezilýär.
Sergä gatnaşyjylara we myhmanlara nebitiň hem-de gazyň özleşdirilen hem-de häzirki wagtda işlenip geçilýän ýataklary, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermegiň hereket edýän we göz öňünde tutulan ugurlary, gazylyp alynýan baýlyklaryň we minerallaryň ýerasty gorlary barada gürrüň berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, iri “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu käniň açylmagy dünýäniň kuwwatly energetika döwleti hökmünde Türkmenistanyň ornuny has-da pugtalandyrdy hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylmagyny şertlendirdi.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işi özara berk baglanyşyklydyr. Himiýa senagatynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda halk hojalygynyň isleglerini üpjün etmek üçin mineral dökünleriň, nebitden öndürilýän önümleriň dürli görnüşleriniň, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini görkezmek bolar.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Prezidenti bilen energetika we ulag ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda geçirilen duşuşykda energetika we ulag ulgamyndaky taslamalar boýunça işleri işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada gürrüň edildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda aýdylýar.
Birža söwdalarynda içerki we daşaky bazarlara polipropilen ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Özbegistanyň energetika ministri OGT – 2024 halkara forumyna gatnaşar
Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow 23-25-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” (OGT 2024) halkara maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Ol “Ählumumy energetika bazarynyň täze ugurlary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk” atly umumy mejlisde çykyş eder diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.
Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär
Ýene sanlyja günden Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny — dürli yklymlarda ýerleşýän 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyndaky özgertmeler bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli çäräni kabul eder.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.