Prezident: Türkmenistan ŞHG ýurtlary bilen energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýe
09:53 21.09.2021 7256
Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine gyzyklanma we hormat goýmak bilen garaýar, energetika hem-de ulag ulgamlarynda, söwda we maýa goýumlarda, senagatda, obasenagat toplumynda, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygymyzyň uly kuwwata eýedigine düşünýäris diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni Täjigistanyň paýtagtynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitinde eden çykyşynda nygtady.
Türkmen Lideri çykyşyny dowam edip, bu gün, tutuş dünýäniň täze çylşyrymly wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolan mahalynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ornunyň ýokarlanýandygyny belledi. Elbetde, bilelikdäki işiň däp bolan ulgamlaryndan başga-da, onuň mümkinçilikleri, toplan tejribesi pandemiýanyň täsirini azaltmak, kontinental ykdysady we ulag gatnaşyklaryny, düzümleri hem-de logistikany dikeltmek bilen baglanyşykly wezipeler babatda örän zerurdyr.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde 2022-nji ýylyň aprelinde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny özünde guramagy meýilleşdirýändigini sammite gatnaşyjylara habar berdi.
Türkmen tarapy oňa adatdan daşary şertlerde hem-de çökgünliklerden soňky döwürde halkara ulag hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça anyk we iş ýüzündäki gepleşikler üçin oňat mümkinçilik hökmünde garaýar. Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ŞHG-ä agza döwletleri bu möhüm foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, agza döwletleriň ählisi, synçylar hem-de ŞHG boýunça hyzmatdaşlar bilen Türkmenistany ysnyşykly taryhy gatnaşyklar, dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Türkmen Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şeýle häsiýetiniň aýdyň hem-de açyk ýörelgeler esasynda özara ýakynlaşmagyň, ähmiýetli we netijeli gepleşikleri ýola goýmagyň, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny we usullaryny işläp taýýarlamaga geçmegiň goşmaça kuwwatly şerti bolup hyzmat edýändigine ynam bildirdi.
Biziň ýurtlarymyzyň kuwwatly serişdeler we önümçilik binýadynyň bolmagy, olaryň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, logistika düzüminiň okgunly ösmegi, toplanan tejribe hem-de hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň däpleri hem muňa ýardam edýär diýip, döwlet Baştutany belledi.
Türkmen Lideri Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasynda köpugurly, yzygiderli, maksadalaýyk hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ösüşe täze, kuwwatly itergi bermäge, tutuş Ýewraziýa giňişliginde syýasy, ykdysady, durmuş, ynsanperwer işleriň okgunly hem-de ýokary hilli bolmagyna ýardam etmäge ukyplydygyna ynam bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, ýurdumyzyň bilelikdäki netijeli işe taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar
TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi
4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE-niň we Owganystanyň kompaniýalary nebitgaz toplumynyň önümlerini aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy.