Türkmen geologlary batly depgin bilen öňe barýarlar
![https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2784/original-161248e16bcf6f.jpeg](https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2784/original-161248e16bcf6f.jpeg)
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy (öňki
«Türkmengeologiýa» müdirligi, «Türkmengeologiýa» geologiýa-gözleg işleri
boýunça önümçilik birleşigi) 1938-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Orta Aziýa
geologiýa tresti ýapylandan soň döredildi.
1938-nji ýyla çenli ýurdumyzyň çäklerinde nebitgaz
meýdançalary ýüzleý öwrenildi we tebigy baýlyklaryň aýry-aýry ýüze çykmalaryny
hem-de şol wagt zerur bolan tebigy baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmek işleri
geçirildi.