Abatlaýjylaryň ynamly gadamlary

Abatlaýjylaryň ynamly gadamlary

Döwleti dolandyrmakdaky pähim-paýhasy, ýiti öňdengörüjiligi ählumumy ykrarnama eýe bolan milli Liderimiz ýurdumyzdaky ýataklardan nebiti çykarmakda döwrebap tehnologiýalary we usullary ulanmak arkaly «gara altynyň» ýeriň jümmüşinden alynýan mukdaryny ýokarlandyrmak, guýulary abatlamak we durkuny täzelemek işlerini öz wagtynda geçirmek, çig nebitiň gaýtadan işleýjilere bökdençsiz ugradylmagyny gazanmak babatda milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde belent wezipeleri goýýar.

Milli Liderimiziň görkezmelerinden ugur alyp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny täze belentliklere götermekde we çykarylýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş toparlary hem netijeli işleri bitirýärler. Olar nebitgazly ojaklardaky önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap täzeden hatara goşmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsanç bilen dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen ýanwar-iýul aýlarynda tutuş konsern boýunça 96 müň 585 tonna derek 120 müň tonna golaý «gara altynyň» goşmaça çykarylmagyny üpjün etdiler. Bu gazanylan üstünlik konserniň degişli müdirlikleriniň guýulary düýpli abatlaýyş toparlarynyň döwrüň ösen talaplaryna mynasyp iş bilen jogap berýändiklerine bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993