HHR-iň kompaniýasy «Galkynyş» käninde täze guýulary gurmak boýunça halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandy
11:47 23.06.2021 20932
«CNPC Chuanging Drilling Engineering Company Ltd» hytaý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde täze guýulary gurmak boýunça hyzmatlary alyp barmak babatda halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandy. Bu barada wise-premýer Ş.Abdrahmanow geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.
Wise-premýerň habar berşi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan täze guýulary gurmak boýunça hyzmatlary alyp barmak babatda halkara bäsleşik geçirildi we Hytaýyň “CNPC” kompaniýasynyň täjirçilik teklibi has amatly hasaplanyldy.
Kompaniýanyň teklibine laýyklykda, işleri 30 aýyň dowamynda ýerine ýetirmek we amala aşyryljak işler üçin hasaplaşyklary 2007-nji ýylda baglaşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda, üç ýylyň dowamynda tebigy gazy ugratmagyň hasabyna geçirmek meýilleşdirildi.
Prezident hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ägirt uly tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm şertidigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany nebitgaz toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, täze uglewodorod ýataklarynyň, şol sanda dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça iri hasaplanylýan “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmelidigini belledi.
Bu babatda energetika ulgamynda birnäçe möhüm taslamalary amala aşyrmakda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan HHR-iň iri kompaniýalary bilen oňyn tejribe toplanyldy. Her ýylda onlarça million kub metr möçberde tebigy gaz ugradylýan Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlige beslenýändigini aňladýar. Şeýle hem halkara gatnaşyklary tejribesinde bu taslama döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we işjeň häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze guýular burawlananda we türkmen gazyny eksporta ugratmakda möhüm orun degişli bolan “Galkynyş” gaz känini döwrebaplaşdyrmakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagynyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Öň, Mary welaýatynda ýerleşen «Galkynyş» käninde Hyundai Engineering CO. LTD (Koreýa Respublikasy), CNPC (Hytaý) we Petrofac International LLC (BAE) kompaniýalary tarapyndan umumy kuwwaty ýylda 30 mlrd kub metr harytlyk gaza barabar bolan kükürt arassalamak boýunça üç sany iri gazy gaýtadan işleýän toplum gurlup ulanylmaga berildi.
«Gafney, Cline & Associates» britan kompaniýasy «Galkynyş» käniniň ätiýaçlyk gorlaryny 26,2 trln kub metrden 27,4 trln kub metre çenli artdyrdy.
Şu ýylyň iýun aýynyň ortalarynda Ş.Abdrahmanow «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmek üçin Hytaý tarapyndan bölünip berlen karz serişdeleriniň doly yzyna gaýtarylandygyny habar berdi.
Häzirki wagtda «Galkynyş» känindäki gaz içerki bazarlara hem-de Türkmenistan – Özbegsitan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa iberilýär. Mundan başga-da, bu kän ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metre barabar boljak Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi üçin çig mal çeşmesi hökmünde kesgitlenildi. Bu käniň çig malynyň Ýewropa ugurdaky ibermelerde hem ulanylmagy göz öňünde tutulýar.
Nebit gymmatlaýar, «Brent» 76,42 dollara ýetdi
COVID-19-yň «omikron» ştammynyň ýaýramagynyň, ilkibaşda garaşylyşy ýaly, dünýä ykdysadyýetine o diýen agyr zyýan ýetirmejekdigi baradaky maglumatlardan soň, nebitiň bahalary penşenbe güni ýene-de ýokarlanyp başlady diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan ýylyň ahyryna çenli ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda gepleşikleri geçirer
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň energetika pudagynyň edaralarynyň ýolbaşçylary 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda nebitgaz we elektrik energiýasy ulgamynda bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerine garamak boýunça gepleşikleri geçirerler. Bu barada Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.
Fitch ýakyn ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
Fitch Ratings halkara reýting agentligi ýakyn wagt üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy. Muňa Global Economic Outlook-yň (GEO) dekabrdaky hasabaty şaýatlyk edýär diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
26-njy dekabrda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň halkara bölüminiň müdiriniň orunbasary Çen Çžouň arasynda geçirilen duşuşykda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Gazkondensatly akym alyndy
Ýakynda Gögerendag — Ekerem gaznebitli etrabynyň çäginde ýerleşýän Nogaý atly meýdançada gözleg-barlag burawlaýyşda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň buraw ussasy Gürji Taganbaýewiň ýolbaşçylygynda taslama çuňlugy 2 müň 500 metr bolan 7-nji belgili guýuda tejribeli burawlaýjylar toparynyň ussatlyk bilen amala aşyran gazuw işleriniň netijesinde 2 müň 750 metr çuňlukdaky gyzyl reňkli gatlakdan gazkondensatly akym alyndy.