Türkmenistan Russiýanyň üsti bilen nebit eksport etmek boýunça ikinji ýerde

17:40 06.05.2021 24346

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2148/original-16092309aee24e.jpeg

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Russiýanyň üsti bilen daşarky bazarlara çig mal ugradýan nebiti eksport ediji döwletleriň arasynda ikinji ornuny saklap galdy. Bu barada Ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi dispetçer müdirliginiň maglumatlaryna salgylanyp, Interfaks agentligi habar berýär.

Maglumatlara laýyklykda, türkmen üstaşyr nebit eksporty 4 aýda 641,3 müň tonna (aprelde - 160,59 müň tonna) barabar boldy. Bu görkeziji babatda Gazagystan birinji orunda durýar — 4,62 mln tonna (aprelde - 1,17 mln tonna). Türkmenistandan soň Belarus - 559,3 müň tonna (141 müň tonna) we Azerbaýjan - 253,76 müň tonna (84,31 müň tonna) gelýär.

Başga makalalar
1650968538ff1e.jpg
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


161c96b7e8e581.jpeg
«Nebitgazçykaryş»: 11 aýda 503 sany guýy abatlanyldy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň «Nebitgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Kärhana ýanwar-noýabr aýlarynda 503 sany guýyny abatlap, ulanyşa girizdi.


161c96bb4ca85b.jpeg
Hökümet mejlisinde Balkan welaýatyndaky nebitgaz kärhanalarynyň işine garaldy

Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işi hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.


161c96b2237a43.jpeg
Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.


161cab319c1eec.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow: 2021-nji ýyl örän kynçylykly bolsa-da, ýurdumyz üçin, umuman, gowy ýyl boldy

Geçip barýan ýylyň jemlerine baha bermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow örän kynçylykly bolsa-da, onuň biziň üçin, umuman, gowy ýyl bolandygyny belledi. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisinde belledi.