«Körpeje» buraw işleri müdirligi buraw işleriniň depginini artdyrýar
17:38 06.05.2021 9528
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň burawçylary uglewodorod çig malyna baý ýataklarda buraw işlerini geçirmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Şu ýylyň başyndan bäri kärhana tarapyndan amala aşyrylan dag jynslarynyň burawynyň jemi çuňlugy 9 müň 214 metre barabar boldy.
Häzirki wagtda önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetiren burawçylar Goturdepe, Uzynada we Altyguýy ýataklarynda buraw işlerini ýokary depginlerde alyp barýarlar.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Nebitgazçykaryş»: 11 aýda 503 sany guýy abatlanyldy
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň «Nebitgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Kärhana ýanwar-noýabr aýlarynda 503 sany guýyny abatlap, ulanyşa girizdi.
Hökümet mejlisinde Balkan welaýatyndaky nebitgaz kärhanalarynyň işine garaldy
Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işi hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.
Gurbanguly Berdimuhamedow: 2021-nji ýyl örän kynçylykly bolsa-da, ýurdumyz üçin, umuman, gowy ýyl boldy
Geçip barýan ýylyň jemlerine baha bermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow örän kynçylykly bolsa-da, onuň biziň üçin, umuman, gowy ýyl bolandygyny belledi. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisinde belledi.