Türkmenistanyň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň Prezidenti bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

11:25 04.05.2021 24501

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2127/original-1608f94d7e9508.jpeg

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň geljegi geçen anna güni Türkmenistanyň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedowyň Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Gepleşikler Kazan şäherinde Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda awtomobil tehnikalaryny we enjamlaryny getirmek, uçar hem-de gämi gurluşyk, serwis hyzmatlary we beýlekiler bar. “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “Tatneft” paýdarlar jemgyýeti, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” paýdarlar jemgyýeti, “Ak bars” gämigurluşyk korporasiýasy” paýdarlar jemgyýeti bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Şunda ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, özara söwdanyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Prezident Rustam Minnihanowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Tatarystan üçin strategik hyzmatdaşdyr.

Duşuşyk tamamlanandan soň, RF-niň Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowa “Tatar Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy” atly medaly gowşurdy. Bu medal RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň döwlet sylagydyr.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Kazanda bolmagynyň çäklerinde, kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Söwda-ykdysady hem-de bank ulgamlarynda, nebitgaz pudagynda, halk hojalygynda, howa we suw ulaglarynyň, işewürlik düzümleriniň ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň geljegi gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tatar-inform habarlar agentliginiň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky özara haryt dolanyşygynyň 107 mln dollara ýetendigi bellenildi.

Başga makalalar
1650968538ff1e.jpg
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


161c96b7e8e581.jpeg
«Nebitgazçykaryş»: 11 aýda 503 sany guýy abatlanyldy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň «Nebitgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Kärhana ýanwar-noýabr aýlarynda 503 sany guýyny abatlap, ulanyşa girizdi.


161c96bb4ca85b.jpeg
Hökümet mejlisinde Balkan welaýatyndaky nebitgaz kärhanalarynyň işine garaldy

Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işi hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.


161c96b2237a43.jpeg
Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.


161cab319c1eec.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow: 2021-nji ýyl örän kynçylykly bolsa-da, ýurdumyz üçin, umuman, gowy ýyl boldy

Geçip barýan ýylyň jemlerine baha bermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow örän kynçylykly bolsa-da, onuň biziň üçin, umuman, gowy ýyl bolandygyny belledi. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisinde belledi.