Aşgabat — gözelligiň nusgasy (Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
15:33 26.04.2021 10854
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabat şäherimiz binagärlik-gurluşyk, medeniýet, ekologiýa abadançylygy, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kämilligi babatynda dünýä derejesinde düýpli özgertmelere eýe boldy. Asman bilen bäsleşýän belent, ajaýyp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ymaratlar baş şäherimiziň görküni has-da artdyryp, türkmen paýtagty ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orny eýeledi.
Ak mermerli binalar toplumy türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan «ak zat alnyňa ýagşy» diýen pähiminiň beýanyna öwrülip, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki päk niýetlerden, hoşniýetli maksatlardan ugur alýan syýasatyny dabaralandyrýar. Gahryman Arkadagymyz şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini ulanmalydygyna aýratyn ünsi çekýär. Şonuň netijesinde başy gök direýän mermer binalarymyzda öňdebaryjy milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň iň kämil tehnologiýalary işjeň ulanylýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ulanmaga berilýän täze desgalar nusgalyk häsiýete eýe bolup, halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Şeýle giň gerimli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynda bu ugurda ýokary bilimli hünärmenler bolup ýetişjek talyp ýaşlaryň hem goşandynyň bolmagy örän buýsandyryjydyr.
Baş şäherimiz gözel künjekleri, suwçüwdürimli seýilgähleri, mermer binalary, täsin desgalary, ösen tehnologiýalara esaslanýan ýaşaýyş-jaý toplumlary bilen göreni haýran edýär. Gahryman Arkadagymyz: «Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabady ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda, geçen sanlyja ýyllarda paýtagtymyz biziň gözümiziň alnynda täsin hem-de owadan binalaryň hatary bilen öz çäklerini has-da giňeltdi. Şol belent ymaratlar baş şäherimiziň görküni has-da artdyrdy we türkmen paýtagty ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi» diýip belleýär. Berkararlygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň, döredijiligiň, döwletliligiň, aýdym-sazyň, rowaçlyklaryň, ak arzuwlaryň, ýagşy umytlaryň şäherine öwrülen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toý dabarasy ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara beslener, dünýä derejesinde beýik ykrarnama eýe bolar. Ýurdumyzyň her bir gününi ajaýyplyga, toý-baýramlara besleýän, ata Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabat şäherini nusgalyk derejede gülläp ösdürýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Mekan Gaýypow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Gazçylar üçin işçi aýakgaplary
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Röwşen» aýakgaplary hususy kärhanasynyň paýly gatnaşygy esasynda Mary şäheriniň ozalky Gön kärhanasynyň binýadynda esaslandyrylan «Mary deri — aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik bölümlerinde döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň sargytlary esasynda esgerler üçin aýakgaplar, egin-eşikler, emeli sütükli gulakjynlar we beýleki önümler öndürilýär.
Hünär kämilligi geljekki ösüşlere badalga
Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty üçin ýokary hem-de ýörite orta bilimli hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdepleriniň hünäri kämilleşdiriş bölümleriniň mugallymlary döwlet Baştutanymyzyň berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin özleriniň okuw hem tejribelik işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryna laýyk guraýarlar.
Sarpasy belent halypa
Geçen asyryň 70 — 80-nji ýyllarynda paýtagtymyzdaky öňki Türkmen politehniki institutynda (häzirki Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) nebitçiniň, gazçynyň hünärini alyp gelen ýokary bilimli ýaşlaryň hasabyna pudakda ilkinji milli hünärmenlerimiz ösüp ýetişdi.
Abadan ýaşaýşyň hyzmatynda
Suw abadan ýaşaýşyň, ilatyň sagdyn bolmagyny gazanmagyň esasy şertleriniň biridir. Suwuň bar ýerinde ýaşaýyş bar, suwuň bol ýerinde gülläp ösüş bar. Şu hakykatdan ugur almak bilen, geçen ýyllarda «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamany» üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda uly möçberli işler bitirildi.