“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy 03.08.2026 - 28.08.2026 aralykda TENDER yglan edýär
20:15 03.08.2026 139
“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy rus rubllarynda buraw erginini (sentrifugalar kaskady) inçeden arassalaýjy blogy kärendesine almak barada hyzmatlary etmek üçin №2026/43 belgili tenderi yglan edýär.
Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:
1. Bäsleşige gatnaşmak hakynda ygtyýarly adamyň goly çekilen we möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we rekwizitleri görkezilen bolmaly;
2. Size arzada görkezilen elektron salgy boýunça tehniki tabşyryk iberiler;
3. Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde «www.oilgas.gov.tm» saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 20 (ýigrimi) günüň dowamynda “A” we “B” bukjalarda iberilmeli.Şol möhletiň 20-nji iş güni ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan giç gelen teklipler kabul edilmez.
Takyk maglumaty almak üçin:
Guramaçylyk meseleleri barada MTO inženerine +993-61-49-57-47 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly.
Tehniki meseleler barada KRS, BBS sehiniň başlygyna +993-65-81-70-29 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly;