Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy 03.08.2026 - 09.08.2026 aralygynda tender yglan edýär
15:41 03.08.2026 235
Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” Şertnamalaýyn çäkde “B Blogyň günbatar bölegindäki gatlanyň elektrik desgalaryny we enjamlaryny abatlamak” üçin №. CIT-26099-SR belgili tender boýunça kwalifikasiýadan öňki prosesi yglan edýär.
Bu Tendere gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa şu resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşmak üçin arza berip biler :
1. Tendere gatnaşmak üçin arza.
2. Kompaniýa hakynda gysgaça maglumat we onuň alyp barýan esasy işi.
3. Soňky 3 ýylda degişli işler boýunça toplan tejribesi.
4. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güwänamasy.
Arza tender barada bildirişiň habar beriş serişdelerinde çap edilen wagtyndan 7 (ýedi) günüň dowamynda berilmelidir. Şol möhletden giç gelen kwalifikasiýadan öňki resminamalar kabul edilmez.
Gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň kwalifikasiýadan öňki resminamalary iňlis we rus dillerinde taýýarlanylmalydyr hem-de çatylan we belgilenen görnüşde berilmelidir. Jebis ýapylan, möhür we ýanhaty (1 sany asyl nusga we 1 sany göçürme hem-de hökmany tertipde resminamanyň doly skanirlenen görnüşi bolmaly) bilen tassyklanan bukjalara salynmaly. Bukjanyň ýüzünde haty ibereniň salgysy, tenderiň belgisi we ady hökman görkezilmeli.
Tendere gatnaşmagyň şertleri we kwalifikasiýadan öňki resminamalar barada anyk maglumatlar aşakdaky salgy boýunça berilýär:
Salgy: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, Aşgabat, Türkmenistan
Habarlaşmaly adam: Şasoltan Hasanowa
tel.: +993-12-44-52-00 (5701)
faks: +993-12-44 50 44