“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy 03.08.2026 - 28.08.2026 aralygynda TENDER yglan edýär
12:04 03.08.2026 302
“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tehniki tabşyryga laýyklykda guýular burawlananda maglumat we tehniki-tehnologik telemetriýasy boýunça RF-niň rubllarynda we Türkmenistanyň manatlarynda hyzmatlary etmek barada №2026/40 belgili TENDERI yglan edýär.
Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:
1. Bäsleşige gatnaşmak hakynda ygtyýarly adamyň goly çekilen we möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we rekwizitleri görkezilen bolmaly;
2. Size arzada görkezilen elektron salgy boýunça tehniki tabşyryk iberiler;
3. Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron faýl görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen goralan bolmaly.
4. Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde «www.oilgas.gov.tm», saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 20 (ýigrimi) günüň dowamynda iberilmeli. Şol möhletiň 20-nji iş güni ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan giç gelen teklipler kabul edilmez.
Takyk maglumaty almak üçin:
Guramaçylyk meseleleri barada MTO inženerine +993-62-58-68-81 belgili telefon ýa-da KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça ýüz tutmaly.
Tehniki meseleler barada baş inženeriň orunbasaryna +993-62-60-07-11 belgili telefon ýa-da SalikhovRIr@tatneft.tatar salgysy boýunça ýüz tutmaly;