“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy 23.07.2026 - 19.08.2026 aralygynda TENDER yglan edýär

20:03 23.07.2026 170

   “Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň dizel elektrik stansiýalaryny düýpli abatlamak boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň manatlarynda №2026/38 belgili TENDERI yglan edýär.

                Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:

1.     Bäsleşige gatnaşmak hakynda ygtyýarly adamyň goly çekilen we möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta  ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we rekwizitleri görkezilen bolmaly;

2.     Size arzada görkezilen elektron salgy boýunça tehniki tabşyryk iberiler;

3.      Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron faýl görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen goralan bolmaly.

4.      Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde «www.oilgas.gov.tm», saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 20 (ýigrimi) günüň dowamynda iberilmeli. Şol möhletiň 20-nji iş güni ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan giç gelen teklipler kabul edilmez.

Takyk maglumaty almak üçin:

Guramaçylyk meseleleri barada MTO inženerine  +993-61-49-57-47 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly;

Tehniki meseleler barada baş mehanige +993-62-74-18-80 belgili telefon ýa-da KrivilevYD@tatneft.tatar salgy boýunça ýüz tutmaly;

Başga makalalar