Mary welaýatynda tebigy gazyň senagat akymy alyndy

11:15 21.07.2026 1195

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/17423/original-16a5fa50f4ec23.jpg

Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän gaz känindäki 04 belgili ulanyş guýusyndan senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy alyndy. Bu barada TDH habar berýär.

Ýurdumyzyň gazçylarynyň 2916 metr çuňlukda buraw işlerini üstünlikli geçirip, ýer astyndaky 2860 — 2858 metr aralyklardaky gatlaklarda çykymy gije-gündizde 700 müň kub metrden gowrak senagat ähmiýetli kükürtsiz arassa metan gazlardan bolan, ýokary ekologik gymmatlygy bilen tapawutlanýan tebigy gaz akymynyň alynmagy bu ugurda möhüm waka öwrüldi.

«Galkynyş» gaz käniniň guýularynyň döwrebaplaşdyrylmagy, käniň düýpli özleşdirilmegi öňdebaryjy halkara önüm öndürijileriň ünsüni özüne çekmek bilen, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatynyň artmagynda-da möhüm orny eýeleýär. Täze gaz akymynyň alynmagy bolsa bu ugurda durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Bu bolsa uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynýan möçberini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportyny köpugurly esasda ösdürmäge, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň ygtybarly ulgamlaryny döretmäge goşmaça mümkinçilik berer. Şunda pudaga häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine zerur üns berilýär. Ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi netijesinde bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösdürilýändigini bellemeli. Bir gije-gündizde 700 müň kub metrden gowrak çykymy bolan guýynyň önümçilik möçberini ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Soňky ýyllarda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan netijeli işler, gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde işleri guramagyň täzeçil usullary netijeli ulanylýar.

Döwlet energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdeler kuwwaty, onuň mümkinçilikleri milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň bähbidine gönükdirilýär. Şeýle hem ýurdumyzda tebigy gaza baý täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak, guýulary düýpli abatlamak, döwrebaplaşdyrmak boýunça möhüm işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtamak gerek.

Başga makalalar
16503fe4c18d7c.jpg
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.


16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


16507f2f4ab219.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.


1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16503fe9eeb09b.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.