«Türkmengaz» Döwlet konserni 17.07.2026 – 28.08.2026 aralykda №T/GAZ-034 belgili açyk Tenderi yglan edýär
18:34 17.07.2026 340
Hormatly jenaplar!
«Türkmengaz» Döwlet konserniniň zerurlygy üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak barada. Tendere diňe haryt öndürijiler (tender resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelen ýagdaýynda) gatnaşyp bilýär.
Lot №2 – «Umumzawod enjamlary»;
Lot №2 – «Tehnologiýa enjamlary».
Size Aşgabat ş., Arçabil ş., 1939, Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy 13-nji gat, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça şular teklip edilýär:
· tendere gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitlerni görkezmek bilen, tendere gatnaşmak islegi barada arzany ibermek (ofşor zolaklarynda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
· “Döwlet hajatlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyşmak, “Tenderi geçirmegiň düzgünlerinden” göçürme hem-de tendere gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalary bermek;
· Lotyň tabşyrygyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almak;
ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde (GSB we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) serişdeleri ýa-da şoňa deň bolan manat serişdelerini tölemek üçin hasap almak, bir lot üçin tendere muzdsuz gatnaşmak üçin;
Zerur bolan maglumatlary şu salgydan alyp bolar: turkmengaz.gov.tm/, oilgas.gov.tm/ ýa-da ýokarda görkezilen salgydan almak bolar.
Electron poçtanyň salgysy: info@turkmengaz.gov.tm.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 40- 37-45 (факс), 40-37-39,40-37-40, 40-37-41, 40-37-42
Tender boýunça teklipler 28.08.26-da ýerli wagt boçunça 15.00-a çenli kabul edilýär.
Bellenilen möhletden giç gelen teklipler kabul edilmez. Pul serişdelerini geçirmek üçin niýetlenen hasap arza berlende görkeziler.
Doly tender teklipli (kotirowkaly), ýelimlenip ýapylan, möhürlenip tassyklanan bukja bildiriş çap edilen pursatyndan ýokarda görkezilen salgy boýunça iberilmeli hem-de pul serişdeleri hasaba gowşandan soň seretmek üçin kabul edilýär. Tender bukjasyna hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň elektron görnüşini (“Word” formatda) hem-de tehniki-ykdysady spesifikasiýany (“Excel” formatda) salmaly.
Electron poçtanyň salgysy: info@turkmengaz.gov.tm.
«Türkmengaz» DK-niň Internetdäki saýty: oilgas.gov.tm/