«Türkmengaz» Döwlet konserni: 15.06.2026 - 24.07.2026 aralykda halkara tenderini yglan edýär
15:46 25.06.2026 526
Hormatly jenaplar!
«Türkmengaz» Döwlet konserni tender toparynyň adyndan potratçyny saýlamak boýunça halkara tenderini yglan edýär.
«Gazgeçirijilerini turba içinden barlamak boýunça hyzmatlary etmek üçin».
Size Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy, “Türkmengaz” Döwlet konserni, Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirligi, iş otagy 17.24a salgysy boýunça şular teklip edilýär:
Tendere gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny, bank rekwizitlerini we kompaniýanyň işi hakynda maglumatlary (işiniň esasy görnüşleri, meňzeş taslamalarda toplan iş tejribesi we beýlekiler) görkezmek bilen, tendere gatnaşmak islegi barada arzany ibermek (ofşor zolaklarynda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
“Döwlet hajatlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyşmak;
ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde GSB-ni nazara almak bilen serişdeleri tölemek üçin hasap almak;
Tender boýunça teklipler “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde şu tender hakynda bildirişiň resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda 30-njy iş güni sagat 16.00-dan ýerli wagt boýunça gijä galman kabul edilýär.
Ýokarda görkezilen möhletden giç gelen teklipler kabul edilmez;
Pul serişdelerini geçirmek üçin niýetlenen hasap arza berlende görkeziler;
Tender teklipli bukjalar ýokarda görkezilen salgy boýunça iberilmeli;
Bellik: Tender resminamalarynyň doly bukjasy tender tölegi geçirilenden soň berilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40, 40-32-50, faks (+99312) 40-32-59.