“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy 24.06.2026 - 21.07.2026 aralygynda TENDER yglan edýär:

15:47 25.06.2026 271

                W.D. Şaşin adyndaky “Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy NTP-175 we SIN-32 nasoslaryny abatlamak we hyzmat emek üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we materiallary, şeýle hem ýörite tehnika üçin awtoşinalary satyn almak barada  №2026/31 belgili tender boýunça tender tekliplerini bermegiň möhletini uzaldýandygyny yglan edýär. Teklipleri bermegiň möhleti 20 (ýigrimi) iş güni uzaldylýar: 24.06.2026-dan 21.07.2026-a çenli.

Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:

1.     Bäsleşige gatnaşmak hakynda ygtyýarly adamyň goly çekilen we möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta  ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we rekwizitleri görkezilen bolmaly;

2.     Size arzada görkezilen elektron salgy boýunça tehniki tabşyryk iberiler;

3.      Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron faýl görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen goralan bolmaly.

4.      Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde «www.oilgas.gov.tm», saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 20 (ýigrimi) iş gününiň dowamynda iberilmeli. Şol möhletiň 20-nji iş güni  ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan giç gelen teklipler kabul edilmez.

Takyk maglumaty almak üçin:

Guramaçylyk meseleleri barada MTO inženerine  +993-65-83-18-99 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly;

Tehniki meseleler barada baş mehanige  +993-65-35-12-57; +993-62-74-18-80 belgili telefonlar boýunça ýüz tutmaly;

Başga makalalar