“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy 24.06.2026 - 21.07.2026 aralygynda TENDER yglan edýär
10:31 24.06.2026 184
“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy F-800 ätiýaçlyk nasos blogyny we DEN-37 kompessory dikeltmek üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we materiallary Türkmenistanyň manatlarynda satyn almak üçin №2026/33 belgili TENDERI yglan edýär.
Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:
1. Bäsleşige gatnaşmak hakynda ygtyýarly adamyň goly çekilen we möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we rekwizitleri görkezilen bolmaly;
2. Size arzada görkezilen elektron salgy boýunça tehniki tabşyryk iberiler;
3. Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron faýl görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen goralan bolmaly.
4. Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde «www.oilgas.gov.tm», saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 20 (ýigrimi) günüň dowamynda iberilmeli. Şol möhletiň 20-nji iş güni ýerli wagt boýunça sagat 18.00-dan giç gelen teklipler kabul edilmez.
Takyk maglumaty almak üçin:
Guramaçylyk meseleleri barada MTO inženerine +993-65-83-18-99 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly;
Tehniki meseleler barada baş mehanige +993-65-35-12-57; +993-62-74-18-80 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly;