Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy 19.06.2026 - 25.06.2026 aralykda tender yglan edýär

14:51 19.06.2026 310

Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” Şertnamalaýyn çäkde 2026-2027-nji ýyllarda A we B Toplumyň gazly guýularyny sordurmak üçin ýerasty enjamlary satyn almak barada №. CIT-26035-MR belgili Tenderi yglan edýär

   Şu tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa şular teklip edilýär:   

1.     Tenderiň belgisini we adyny, gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen tendere gatnaşmak barada resmi taýdan arza bermek;

2.     Tender boýunça resminamalary (ITB) almak üçin pul serişdelerini geçirmek üçin hasap almak. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap Gatnaşyja arza berende gowşurylar.  

3.     Kompaniýanyň wekiliniň pasportynyň göçürmesini, tender resminamalaryny almaga hukuk berýän baş ynanç hatynyň göçürmesini we pul geçiriminiň göçürmesini bermek bilen tender tabşyrykly (ITB) bukjany almak.

Arzalary bermegiň soňky möhleti habar beriş serişdelerinde çap edilen seneden soň 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda. Bellenilen möhletden giç gelen arzalar kabul edilmez.   

    Tendere gatnaşmagyň şertleri barada anyk maglumatlary almak we arzalary tabşyrmak şu salgy boýunça amala aşyrylýar:     

       Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, HMNK-niň edara binasy, Aşgabat, Türkmenistan.

   Habarlaşmaly adam  

   Narine Simonýan

   Tel: (+993-12) 44-54-34

Başga makalalar