“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy 10.06.2026 - 23.06.2026 aralygynda TENDER yglan edýär:
09:29 11.06.2026 369
“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy НТП – 175, СИН – 32 nasoslaryny, şeýle hem ýörite tehnikalar üçin awtoşinalary abatlamak we tehniki taýdan hyzmat etmek üçin ätiýaçlyk şaýlaryny Türkmenistanyň manatlarynda satyn almak barada №2026/31 belgili TENDERI yglan edýär:
Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:
1. Bäsleşige gatnaşmak hakynda ygtyýarly adamyň goly çekilen we möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we rekwizitleri görkezilen bolmaly;
2. Size arzada görkezilen elektron salgy boýunça tehniki tabşyryk iberiler;
3. Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron faýllar görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen goralan bolmaly.
4. Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde «www.oilgas.gov.tm», saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 10 (on) günüň dowamynda iberilmeli. Şol möhletiň 10-njy iş güni ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan giç gelen teklipler kabul edilmez.
Takyk maglumaty almak üçin:
Guramaçylyk meseleleri barada MTO inženerine +993-65-83-18-99 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly;
Tehniki meseleler barada baş mehanige +993-65-35-12-57; +993-62-74-18-80 belgili telefonlar boýunça ýüz tutmaly;