“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy 01.06.2026 - 12.06.2026 aralygynda TENDER yglan edýär:

21:12 01.06.2026 390

   “Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň manatlarynda RF-niň rubllarynda awtomobil ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin  №2026/29 belgili TENDERI yglan edýär:

                Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:

1.     Bäsleşige gatnaşmak hakynda ygtyýarly adamyň goly çekilen we möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta  ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we rekwizitleri görkezilen bolmaly;

2.     Size arzada görkezilen elektron salgy boýunça tehniki tabşyryk iberiler;

3.      Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron faýl görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen goralan bolmaly.

4.      Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde «www.oilgas.gov.tm», saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 10 (on) günüň dowamynda iberilmeli. Şol möhletiň 10-njy iş güni  ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan giç gelen teklipler kabul edilmez.

Takyk maglumaty almak üçin:

Guramaçylyk meseleleri barada  MTO inženerine  +993-65-83-18-99 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly;

Tehniki meseleler barada  baş mehanige  +993-65-35-12-57; +993-62-74-18-80 belgili telefonlar boýunça ýüz tutmaly;

Başga makalalar