CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 19.05.2026 - 25.05.2026
09:58 20.05.2026 521
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançanyň çaginde 2026–2029-njy ýyllarynda düýp işleri geçirilende mufta sepleriniň gaz syzyşlarynyň we sorujy-gysyjy turbalaryň abatlygyny anyklamak hyzmatlary boýunça № CIT-26019-SR belgili bäsleşik yglan edýär.
Potratçy sorujy-gysyjy turbalaryň mufta sepleriniň gaz syzyşlaryny geliý ulanmak arkaly anyklamak üçin zerur enjamlar toplumy, bazalaýyn lager, tejribeli işgärler hem-de degişli gurallar bilen üpjün bolmalydyr. Şeýle hem, düzüminde wodorod sulfidiniň we kömürturşy gazynyň ýokary mukdary bolan gaz känlerinde sorujy-gysyjy turbalaryň defektoskopiýa barlag işleriniň weýran etmezlik usuly arkaly geçirilmegini üpjün etmelii.
Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:
1.Tenderiň belgisi we ady, gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we bank rekwizitlerini görkezmek bilen tendere gatnaşmak üçin resmi arza;
2.Tender resminamalaryny almak üçin töleg geçirmek üçin hasap belgisini almaly. Töleg geçirikmek hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly gowşurylar;
3.Tender reminamalarynyň doly bukjasyny almak üçin kompaniýanyň wekiliniň pasport nusgasy, tender resminamalaryny almaga hukuk berýän esasy ynanç hatynyň nusgasy we töleg geçirilendigini tassyklaýan resminama görkezilmelidir.
Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça kabul edilýär:
Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan.
Telefon belgisi: (+993-12) 44-54-34