Kärhananyň eksport önümleri

Kärhananyň eksport önümleri

Golaýda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda daşary ýurtly sarp edijilere dürli görnüşli nebit önümleriniň nobatdaky tapgyry ugradyldy. Şeýle buýsandyryjy waka bu iri senagat kärhanasynda ýokary hilli önümleri eksport etmek işiniň sazlaşykly ýola goýulýandygyndan habar berýär. Geçen ýyly üstünlikli jemlän nebiti gaýtadan işleýjiler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny hem uly zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda işleri döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda guramak, pudagyň uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän kärhanalaryndan eksport edilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Belent sepgitlere abraý bilen ýetmek üçin kärhanalarda ösen tehnologiýalara daýanýan täze kuwwatlyklary işe girizmek, ozaldan hereket edýänleriniň bolsa durkuny düýpli täzelemek işleri talabalaýyk geçirilýär. Şeýle gerimli işleriň gürrüňi edilýän kärhanany hem giňden gurşap alandygyny belläsimiz gelýär. Geçen ýyllarda zawodyň esasy önümçilik desgasynyň durkunyň düýpli täzelenilmegi, ýol bitumyny öndürýän kämil desganyň ulanylmaga berilmegi öndürilýän önümleriň görnüşlerini ep-esli köpeltmäge, şeýle-de olaryň hil görkezijilerini has ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993