Gahryman Arkadagymyz: Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny durnuklaşdyrmak üçin birnäçe başlangyçlary hödürleýär

12:51 14.04.2026 258

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/16708/original-169dc95161fbca.jpg

11-nji aprelde Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy.

“Biz energetika hyzmatdaşlygyny durnuklylaşdyrmaga, oýlanyşykly we öňdengörüjilikli dialoga geçmäge gönükdirilen birnäçe anyk çäreleri teklip edýäris” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu barada TDH ýazýar.

“Birinjiden, Türkmenistan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça ozal öňe süren başlangyjyna ýene-de bir gezek ünsi çekýär. Howpsuzlygyň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşygy bu strategiýanyň esasy özeni bolup durýar. Şolaryň hatarynda energetika howpsuzlygy wajyp ugurlaryň biri bolup çykyş edýär”.

“Ikinjiden, Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny syýasylaşdyrmazlyga çagyrýar. Syýasy şertleriň öňe sürülmeginiň durnukly ösüşi haýalladýandygy we elbetde, onuň ykdysady maksadalaýyklyk bilen hiç bir umumylygynyň ýokdugy barada aýtmak artykmaç bolsa gerek. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda energetika ulgamyndaky gatnaşyklary syýasylaşdyrmazlygy beýan edýän Energetika kodeksini işläp taýýarlamak meselesine seretmegi teklip edýär”.

“Üçünjiden, energetika ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygy täze ýörelgeler esasynda ýola goýmaga gönükdirilen, şol sanda energiýa serişdelerini öndürmek, üstaşyr geçirmek we sarp etmek meselelerini kadalaşdyrýan BMG-niň köpugurly halkara hukuk resminamasyny döretmek barada ýurdumyzyň teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmegi teklip edýäris. Bu ugurda Türkmenistan agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda energiýa serişdelerini ygtybarly ibermek barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň üç Kararnamasynyň awtory bolup çykyş etdi. Munuň özi mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin gowy esas bolup durýar. Bu ugurdaky işi ösdürmek bilen, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär”.

“Dördünjiden, energiýa serişdelerine erkin, durnukly we deňhukukly elýeterliligi üpjün etmäge çagyrýarys. Munuň özi artykmaçlyk bolman, eýsem, syýasy gurluşyna, ykdysady mümkinçiliklerine, geosyýasy ýagdaýlara garamazdan, her bir halkyň we döwletiň tebigy hem-de kanuny hukugydyr”.

Başga makalalar
164c0a8913fc41.jpg
Türkmenistanyň DIM-inde türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistana sapar bilen gelen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen duşuşygynda türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


164c24ad63f993.png
BAE Bioýangyjyň global birleşigine goşuldy

Birleşen Arap Emirlikleri Hindistan, Beýik Britaniýa we ABŞ tarapyndan döredilen Bioýangyjyň global birleşigine goşuldy. Bu barada BAE-niň Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy Suheýl al-Mazrui habar berdi diýip, TASS ýetirýär.


164c24a76474fd.jpg
Ýarym ýylyň jemi boýunça Goturdepe käninde nebitiň çykarylyşy 10% artdy

«Türkmennebit» döwlet konserni şu ýylyň birinji ýarymynda Goturdepe käninde nebitiň çykarylyşyny 10% artdyryp, bu görkezijini ýarym million tonnadan gowrak derejä ýetirdi. Şol bir wagtda bellenilen meýilnamadan artyk 10 müň 125 tonna nebit çykaryldy.


164c24b09ba532.jpg
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçylary üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň geçiriljek sammitiniň gün tertibini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddiniň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda geçirilen geňeşmelerde üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň awgust aýynyň başynda Aşgabatda geçiriljek Sammitine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


164c0a92b534e1.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.