Lebap welaýatynda TNGIZT-niň önümleriniň esasynda motor ýaglarynyň önümçiligi artýar
20:31 07.03.2026 2558
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýerleşýän «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti «IMPEROL» we «Şir ýag» haryt nyşanlary bilen motor ýaglarynyň önümçilik göwrümini artdyrýar diýlip, «Rysgal» gazeti habar berýär.
Esasy çig mal hökmünde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) önümleri ulanylýar, bu bolsa ýaglaryň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyply nyrhlaryny üpjün edýär.
Kärhana motor we çalgy ýaglarynyň 25 görnüşini, şol sanda içerki hem-de daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýarym sintetik we doly sintetik önümleri öndürýär.
Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 20 müň tonna çenli önüme barabardyr. Kärhanada öňdebaryjy daşary ýurt öndürijileriniň döwrebap enjamlarynda işleýän 150 sany hünärmen zähmet çekýär. Taýýar önümler göwrümi 1, 5, 20 we 25 litr bolan plastik gaplara guýulýar, bu gaplar hem şol ýeriň özünde öndürilýär.
Häzirki wagtda kompaniýa goňşy ýurtlara eksport ugratmalaryny giňeldýär we geljekde önümçilik göwrümini has-da artdyrmagy meýilleşdirýär.
Kärhananyň ösmegi sebitiň senagat kuwwatynyň berkemegine we milli ykdysadyýetiň ösmegi üçin goşmaça mümkinçilikleriň döremegine ýardam edýär.
Türkmenistanyň ilçisi Italiýanyň DIM-nde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ädimleri maslahatlaşdy
Italiýayň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi T.Kömekowyň Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary E.Çiriýelli bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada 4-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Si Szinpin Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýarlygyny mälim etdi
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli iberen gutlagynda iki ýurduň halklarynyň bähbidine köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny mälim etdi.
Halkara gaz bileleşiginiň prezidenti OGT 2025 forumyna gatnaşar
Halkara gaz bileleşiginiň (IGU) prezidenti Anderea Steger şu ýyl geçiriljek «Türkmenistanyň nebit we gazy – OGT 2025» atly forumda esasy çykyş ediji hökmünde gatnaşjakdygyny tassyklady. Bu barada çäräniň guramaçylary habar berdiler.
Türkmenistan ýertitremeden ejir çeken owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini iberer
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýertitremeden ejir çeken owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek hakynda Buýruga gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistan ilatyň ýaşaýyş şertlerini hemmetaraplaýyn gowulandyrýar
Abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Geçen ýyl guramanyň Ykdysady we Durmuş Geňeşi (EKOSOS) tarapyndan Türkmenistan 2025-2029-njy ýyllar aralygy üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýa saýlandy. Bu waka, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň we onuň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň subutnamasy boldy.