CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 09.02.2026 - 16.02.2026

08:45 13.02.2026 865

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda ýerleşýän “A” “B” we Gündogar “B” bloklarynyň Önümçilik bölümleriniň, şeýle hem Işläp düzmek we Metrologiýa (МТКОП) bölümleriniň barlaghanalary üçin materiallary satyn almak boýunça №CIT-25055-MR belgili bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

1.       Bäsleşige gatnaşmak üçin arza.

2.       Kompaniýa we onuň alyp barýan işewürligi barada umumy maglumat.

3.       Soňky üç ýylyň içinde bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada maglumat.

4.       Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agzalyk şahadatnamasy.

Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň resminamalary iňlis we rus dillerinde taýýarlanyp, sahypalary çatylan we belgilenen görnüşde möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr. Resminamalar 1 (bir) asyl nusgada we 1 (bir) göçürme nusgada, şeýle hem tutuş resminamanyň skanirlenen görnüşi hökmany tertipde goşulmalydyr. Bukjanyň ýüzünde kabul edijiniň we iberijiniň ady, tenderiň belgisi hem-de ady görkezilmelidir.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça kabul edilýär:

Jogapkär hünärmen: Şasoltan Hasanowa.

Telefon belgisi: +993-12-44-52-00 (5701).

Faks: +993-12-44 50 44.

Başga makalalar