«Ýaşyl» energiýanyň çeşmesi
09:05 02.12.2025 2362
Mikrosuwotular gaýtadan dikelýän ýangyjyň birnäçe görnüşlerini almaga mümkinçilik berýär. Bulara mikrosuwotularyň biomassasy anaerob ýagdaýda turşadylanda bölünip çykýan metan, mikrosuwotularda saklanýan ýaglardan alynýan biodizel ýangyjy, şeýle-de fotobiologik prosesde emele gelýän biowodorod degişlidir.
Aslynda, mikrosuwotulary energiýa çig maly hökmünde ulanmak pikiri täze däl, ýöne soňky döwürde nebit önümleriniň ýetmezçiligi we bahasynyň ýokarylygy, şeýle hem gazylyp alynýan ýangyçlaryň ýanmagy netijesinde global ýylylyk meselesi sebäpli has-da işjeňleşdi.
Häzirki wagtda biodizel ýangyjy ösümlik we haýwan ýaglaryndan öndürilýär. Ýangyjyň bu görnüşiniň öndüriliş tehnologiýasy we ulanylyşy eýýäm
60 ýyl bäri bellidir. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda biodizel ýangyjy, esasan, soýanyň kösüklerinden öndürilýär. Biodizeliň beýleki çeşmelerine kanola ýagy, haýwan ýagy, palma ýagy, mekgejöwen ýagy we kulinariýa galyndylarynyň ýagy degişlidir.
Çig malyň sanalan görnüşleri önümçiligiň uly mukdaryny üpjün edip bilmeýär. Şonuň üçin biodizel ýangyjyny mikrosuwotularyň hasabyna üpjün etmek maksadalaýykdyr.
Ilat sanynyň günsaýyn köpelmegi we energiýa sarp edilişiniň yzygiderli ösmegi sebäpli adamzat gazylyp alynýan energiýa çeşmeleriniň ätiýaçlyklaryny azaltmak meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Mundan başga-da, gazylyp alynýan ýangyçlaryň ulanylmagy parnik gazlarynyň we beýleki hapalaýjy maddalaryň atmosfera zyňylmagyna getirýär. Şeýlelik bilen, gazylyp alynýan ýangyçlaryň bahasynyň ýokarlanmagy, ýetmezçiligi we global howanyň üýtgemek howpy täze çözgütleri gözlemäge itergi berýär. Bu meseläni çözmegiň iň geljegi uly ugurlarynyň biri hem ýangyjyň alternatiw görnüşlerini öndürmekdir.
Bioýangyç — bu haýwan ýa-da ösümlik çig malynyň, şeýle hem biologik galyndylaryň sinteziniň önümidir. Ýangyjyň şeýle görnüşlerine, ilki bilen, bioetanol, biodizel, bioýag we biogaz girýär. Bioýangyjy ulanmagyň esasy artykmaçlyklary, adaty ýangyç bilen deňeşdirilende, ýokary netijelilik, arzan bahadan bolmagy we daşky gurşawa iň az zyýanly täsiri bardyr.
Mikrosuwotulardan ýangyç öndürmegiň tehnologik prosesi galyndysyz diýen ýaly amala aşyrylýar. Sebäbi biodizel ýangyjy alnandan soň, gury biomassanyň galyndylary ähli witaminleri, gymmatly maddalary saklaýar. şonuň üçin iýmit maksatly, derman önümleri, haýwanlar, balyklar üçin iýmit hökmünde ulanylyp bilner.
Mikrosuwotularyň bioýangyjyň çeşmesi hökmünde ulanylmagynyň birnäçe artykmaçlygy bardyr:
— oba hojalygyna ýaramsyz ýerler hem mikrosuwotulary ösdürip ýetişdirmek üçin ulanylyp bilner;
— ösüş döwründe mikrosuwotular kömürturşy gazyny sarp edýär we şeýlelik bilen, zyňyndy gazy azaldýar;
— mikrosuwotularyň bioýangyjy bar bolan ulag enjamlarynda ulanmak üçin uly goşant bolup, ol edil ýagyňky ýaly molekulýar gurluşa eýedir;
— mikrosuwotular gury ýer ösümliklerinden 20 — 30 esse çalt ösýär;
— süýji, duzly we hatda galyndy suwlar mikrosuwotulary ösdürip ýetişdirmek üçin amatlydyr;
— mikrosuwotular aýratyn ideg talap etmeýär we dökünlere mätäç däldir;
— mikrosuwotulardan bioýangyç öndürilende, beýleki ekinlere garanyňda has köp mukdarda ýangyç alynýar.
Şeýlelik bilen, gysga wagtyň dowamynda ösüp, biomassa toplamak ukybyna eýe bolan mikrosuwotularyň elýeterli we energiýa tygşytlaýan bioýangyjyň, ýagny «ýaşyl» energiýanyň çeşmesi hökmünde ägirt uly mümkinçilikleri bardyr.
Mähri TAŇRYGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän
energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň tehniki işgäri.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi
2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
OGT-2023 Halkara maslahatynyň we sergisiniň täze hyzmatdaşlary we gatnaşyjylary belli boldy
25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT-2023 Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Geçiriljek çäreler üçin 20 ýurtdan 150-den gowrak wekil bellige alyndy. Bu barada guramaçylar habar berýär.
«Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
7-nji sentýabrda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi.
Guýularyň gaýtadan dikeldilmegi meýilnamadan 81 müň tonna artyk nebit almaga mümkinçilik berdi
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli bejergisi arkaly goşmaça 81 müň 830 tonna nebit öndürmegi üpjün etdiler diýip, Orient agentligi habar berýär.
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.