“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 01.12.2025 - 05.12.2025

12:22 02.12.2025 1631

Şertnamanyň Goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy   KamAZ 43118 PPU 1600/100 kysymly ýöriteleşdirilen ulagyň kuzowyny abatlamak üçin materiallary satyn almak boýunça Russiýanyň pul birligi rublda we Türkmen manadynda №2025/45 belgili tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna:

1.                       Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, KhalilulinBS@tatneft.tatar e-mail salga ýazmaça görnüşde arza ibermeli (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplary arzada görkezilen elektron salga iberiler.

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da www.oilgas.gov.tm saýtynda çap edilen gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar iki nusgada - “A” we “B” bukjalarda tabşyrylmalydyr. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Tender boýunça goşmaça maglumatlar üçin:

+993-65-83-18-99

+993-62-74-18-80

Başga makalalar