“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 01.12.2025 - 09.12.2025
12:21 02.12.2025 1483
Şertnamanyň Goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tehniki talaplara laýyklykda barit konsentratyny satyn almak boýunça Russiýanyň pul birligi rublda we Türkmen manadynda №2025/43 belgili tender yglan edýär.
Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna:
1. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, KhalilulinBS@tatneft.tatar e-mail salga ýazmaça görnüşde arza ibermeli (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
2. Tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da www.oilgas.gov.tm saýtynda çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär.
Bäsleşik teklipli bukjalar iki nusgada - “A” we “B” bukjalarda tabşyrylmalydyr. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Tender boýunça goşmaça maglumatlar üçin:
+993-65-83-18-99
Tehniki soraglar boýunça:
+993-62-70-03-86
+993-61-37-07-10