“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 29.10.2025 - 08.12.2025

12:22 02.12.2025 1496

Şertnamanyň Goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy   çagalar üçin täze ýyl sowgatlaryny satyn almak boýunça manatda № 2025/48 belgili tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna:

1.                       Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, KhalilulinBS@tatneft.tatar e-mail salga ýazmaça görnüşde arza ibermeli (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler.

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da www.oilgas.gov.tm saýtynda çap edilen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar iki nusgada - “A” we “B” bukjalarda tabşyrylmalydyr. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Tender boýunça goşmaça maglumatlar üçin:

+993-65-83-18-99

Başga makalalar