Aşgabatda Türkmenistanda Ählumumy metan borçnamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

11:56 31.10.2025 3898

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15475/original-169035e36d8f65.jpg

27-nji oktýabrda Aşgabatda Ählumumy metan borçnamasy (GMP) we ony Türkmenistanda ornaşdyrmak boýunça amaly ädimler boýunça esasy okuw seminary gibrid formatda geçirildi.

Bu okuw seminary GIZ tarapyndan GMP Sekretariaty – Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşaw Maksatnamasynyň (UNEP) başlangyjy bolan Klimat we Arassa Howa Koalisiýasy (CCAC) bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler edarasy tarapyndan maliýeleşdirilýän  “ÝB Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howa hereketleri” taslamasynyň çäklerinde guraldy.

2021-nji ýylda COP-26 Ählumumy metan borçnamasy (GMP), häzirki wagtda 159 döwleti we Ýewropa komissiýasyny öz içine alýar. Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna 2023-nji ýylda Dubaýda geçirilen COP-28-de goşuldy. GMP agzalary 2030-njy ýyla çenli (2020-nji ýyldaky derejeler bilen deňeşdirilende) global metan zyňyndylaryny azyndan 30% azaltmak üçin bilelikdäki çäreleri görmäge borçlanýarlar.

Okuw seminaryna energetika pudagynda we daşky gurşawy goramak ulgamynda zähmet çekýän  Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, esasy gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bu okuw seminarnaryň maksady, Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralarynyň wekillerini we tehniki hünärmenlerini Ählumumy metan borçnamasynyň (GMP) amaly ulanylyşy bilen tanyşdyrmak, öňdebaryjy halkara tejribäni görkezmek, metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça bar bolan goldawa ünsi çekmek we COP-30 öňüsyrasynda milli derejede durmuşa geçirmek boýunça indiki ädimler barada dialoga ýardam etmek boldy.

“Metan zyňyndylaryny azaltmak diňe bir ekologiýa zerurlygy däl, eýsem, Türkmenistan ýaly iri energetika pudagy bolan ýurtlar üçin uly ykdysady mümkinçilikdir. Türkmen hyzmatdaşlarymyzyň bu ugurda şeýle ýokary gyzyklanma bildirýändigi bizi diýseň begendirýär. Biziň "ÝB ýaşyl ösüş üçin" atly bilelikdäki taslamamyz howanyň üýtgemegi bilen bagly maksatlarymyzyň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan bilermen mümkinçiliklerini we maliýe goldawyny bermäge gönükdirilendir” diýip, “Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň “ýaşyl” ösüşi üçin: 2024 – 2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy hereketler” maksatnamasynyň ýolbaşçysy, Doktor Karolina Milow belledi.

Başga makalalar
1670e08f93ed17.jpg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

14-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy diýip, TDH habar berýär.


1688b0da4c494a.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

30-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.


16889bcf1461f1.jpg
Türkmenistan we Azerbaýjan ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmekligi ylalaşdylar

28-nji iýulda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 8-nji mejlisiniň jemleri boýunça gol çekilen Teswirnamada söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.


1670e0956b562e.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda dizel ýangyjy ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.


16237fe77f2050.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi

2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.