Aşgabatda OGT 2025 halkara maslahaty öz işine başlady

19:56 22.10.2025 2877

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15400/original-168f8c22383b69.jpg

Aşgabatda günüň ikinji ýarymynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025” (OGT-2025) atly halkara maslahat öz işine başlady. Maslahatyň açylyş dabarasy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda — dünýä energetikasynyň geljegini emele getirmek» diýen şygar astynda geçirildi.

Umumy mejlisiň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow çykyş etdi. Ol häzirki forumyň maýa goýum taslamalary bilen tanyşmak üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini belläp, türkmen tarapynyň täze taslamalary amala aşyrmak boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk tekliplerini ara alyp maslahatlaşmaga taýyndygyny nygtady.

Wise-premýer çykyşynda belleýşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän uzak möhletli strategik ugruň baş maksady ýurduň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekdir. Şol strategiýa laýyklykda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny, şol sanda nebitgaz pudagyny hem öz içine alýan döwlet maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Foruma ýurduň ýangyç-energetika, himiýa, maliýe we bank ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem köp sanly daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagy Türkmenistanyň bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny giňeltmek, hyzmatdaşlygy ösdürmek we tejribe alyşmak baradaky ýokary gyzyklanmasyny görkezýär.

Batyr Amanowyň belleýşi ýaly, bu ýylky maslahata 70-den gowrak döwletiň wekilleriniň gatnaşmagy onuň halkara derejesiniň ýylsaýyn giňelýändiginiň, şeýle hem Türkmenistanyň halkara maýadarlary üçin özüne çekijiliginiň artýandygynyň subutnamasydyr. Bu ýagdaý Açyk gapylar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we deňhukukly, özara bähbitli halkara gatnaşyklarynyň esasynda döredilen amatly syýasy, ykdysady hem-de hukuk binýadynyň netijesidir.

Wise-premýer döwletimiziň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, daşary ýurt maýadarlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Batyr Amanow nebitgaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny hem belläp geçdi. Şolaryň hatarynda TOPH (Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk; Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňiz bloklaryny özleşdirmekde daşary ýurt maýasyny çekmek; ylmy-barlag işlerini ösdürmek we gaz üçin ýerasty ammarlary döretmek taslamalary bar.

Şeýle hem ulanylan känleriň çuňlaşdyrylyp özleşdirilmegi, uglewodorod serişdelerini has ýokary derejede gaýtadan işlemek, seýsmiki we geologik barlaglary geçirmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de tejribe alyşmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň wajypdygy nygtaldy.

Çykyşynyň ahyrynda wise-premýer ähli gyzyklanýan taraplary ýurdumyzyň geljekki döwürde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga çagyrdy hem-de halkara maslahata üstünlik arzuw etdi.

Umumy mejlisde çykyş edenleriň hatarynda Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow, Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary Orhan Zeýnalow, ENOC we Dragon Oil kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Said Mohammed Al Taýer, Halkara Gaz Birleşiginiň prezidenti Andrea Steiger, PETRONAS-nyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahab, şeýle hem beýleki iri halkara energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bar.

Umumy mejlisiň esasy temasy energetika pudagynyň geljegini kesgitleýän global ugurlar — dekarbonizasiýa, tehnologik innowasiýalar we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşi boldy.

Türkmenistan bu ugurda dünýäde tebigy gaz gorlary boýunça 4-nji orunda durýar, onuň gaz gorlarynyň möçberi 50 trillion kub metre barabardyr.

Forumyň dowamynda energetika infrastrukturasyndaky döwrebaplaşdyrylmalar, eksport ugurlaryny giňeltmek we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Maslahatyň maksady maýa goýumlary çekmek we sebitiň global energetika ulgamyndaky ornuny berkitmekden ybaratdyr.

Başga makalalar
1620df16f5e974.jpeg
Türkiýä, Russiýa we Özbegistana 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügi eksport edildi

«Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýeti 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügini eksport etdi. Hususan-da, kompaniýa bu önümi Türkiýä, Russiýa we Özbegistana iberdi diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berdi.


1681ed289a7a45.jpg
Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenildi

9-njy maýda Türkmenistanda şanly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenildi. Aşgabatdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


1681ed64aefc82.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

9-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna bardy. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


1620decd185720.jpeg
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Gruziýa nebit we nebit önümleriniň eksportyndan girdejisi 191 mln dollardan geçdi

2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Gruziýa nebit we nebit önümleriniň eksporty 191,8 million dollara barabar boldy, bu 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 186,2% artykdyr. Bu barada Trend agentligi Gruziýanyň Milli statistika müdirligine salgylanyp habar berýär.


1681f8971eec71.jpg
Nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.