Durnukly ösüşiň kepili — «ýaşyl» gurluşygyň esasynda bina edilýän Arkadag şäheri

17:36 14.10.2025 2092

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15312/original-168ee43d3bf4a6.jpg

«Ýaşyl» gurluşyk standartlaryna laýyklykda gurulýan desgalar gurluşygyň ýokary hili, amatlylygyň ýokary derejesi we ulanyşda çykdaýjylaryň pes derejesi bilen tapawutlanýar. «Ýaşyl» taslamalar işlenilip taýýarlanylanda, ilki bilen, energiýanyň we suwuň sarp ediliş mukdaryny azaltmaga ähmiýet berilýär, şeýle hem adamyň saglygyna peýdalylygy, howpsuzlygy we daşky gurşawa zyýanly täsirleriň pes derejede bolmagy, hatda bolmazlygy bilen bir hatarda, geljek nesilleriň gyzyklanmalary başga-da birnäçe taslamalar bilen utgaşyklylygy göz öňünde tutulýar.

Bütin dünýäde häzirki wagtda ekologiýa we onuň bilen bagly ykdysady we sosial meseleler ýurduň syýasy durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyna gönüden-göni täsir edýän möhüm ekologiýa meselelerini toplumlaýyn, ulgamlaýyn we ählitaraplaýyn çözmek, ýagny deňagramly ösüş ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasyny düzýär. Ekologiýa babatda binagärlik-gurluşyk pudagy hem esasy üns berilýän pudaklaryň biri bolup, binagärlik pudagy ýurduň sosial meseleleriniň aýrylmaz bir bölegi hasaplanylýar. Häzirki zaman oýlanyşykly şähergurluşygy, olaryň ýol-ulag düzümi, ilkinji nobatda, binagärlikde ekologiýa we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak meseleleriniň oňyn çözgütlerini gazanmakdan gelip çykýar .

Häzirki döwür Durnukly ösüş maksatlarynda esasy üç ugur — ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlar boýunça möhüm çözgütleri talap edýär. Bular «ýaşyl» ykdysadyýet, «ýaşyl» tehnologiýa, «ýaşyl» senagat, «ýaşyl» gurluşyk, «ýaşyl» energetika diýen adalga-düşünjeler bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, «ýaşyl» we «akylly» şäher konsepsiýalarynyň esasyny düzýär. «Ýaşyl» gurluşyk — gurluşygyň daşky gurşawa az täsir edýän görnüşidir. Onuň maksady binanyň ýa-da desganyň «ýaşaýyş döwründe», ýagny meýilleşdirmek üçin saýlanan ýerinden, gurluşygyndan, peýdalanylmagyndan, abatlaýyş işlerinden, ýykylmagyna çenli energiýa we material serişdelerini tygşytly ulanmakdan ybaratdyr. Beýle binadyr desgalar tebigy serişdeleri, energiýany tygşytlamaga we aýawly ulanmaga ýardam etmek bilen birlikde ýokary hilliligi, amatlylygy, çykdajylaryň arzanlygy bilen tapawutlanýar.

Ekologiýa medeniýetiniň ösmegi bilen, adamlarda «ýaşyl» gurluşyklara bolan gyzyklanmasy artýar we bu ugurdaky milli, halkara derejedäki taslamalar uly goldaw tapýar. Ykdysady taýdan ösen döwletler «ýaşyl» gurluşygy iş tejribesine giňden ornaşdyrýarlar. «Ýaşyl» gurluşygyň ýüze çykmagy we oňa bolan isleg energiýa netijeliligini gazanmagyň we gurluşygyň arassa usulyna bolan zerurlyk bilen şertlendirildi.

Dünýäde binalarynyň ekologiýa taýdan «ýaşyl» taslama laýyklyk derejesi, öňdebaryjy halkara tejribesiniň hem-de halkara «ýaşyl» standartlarynyň esasynda 10 sany görkezijiniň esasynda kesgitlenilýär: arhitektura we binalaryň daş-töweregini meýilleşdirmek, gurluşygy gurnamak we dolandyrmak, gurluşyk we boýag materiallarynyň tebigaty goramak görkezijilerine laýyk gelmegi, binalaryň we enjamlaryň energiýa tygşytlylyk görkezijilerine laýyk gelmegi, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň hasabyna energiýa üpjünçiligi we daşky gurşawa zyňylýan parnik gazlarynyň mukdarynyň azaldylmagy, suwy tygşytly ulanmak, suwuk we organiki galyndylary gaýtadan ulanmak, daş-töweregi abadanlaşdyrmak we gök zolagy döretmek, binanyň howpsuz ulanylmagyny berjaý etmek.

Ýurdumyzda Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäheri öňdebaryjy, sanly maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan döwrebap «akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Şäheriň birinji tapgyryndaky desgalaryň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa serişdeler ulanyldy. Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynda dürli ugurlarda gazanylan üstünliklerini tassyklaýan 21 sany sylag gowşuryldy. Gowşurylan sylaglaryň hatarynda BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň we şäherleriň ösüşiniň täze gün tertibiniň uýgunlaşdyrylmagyna goşant goşmak bilen inklýuziw, howpsuz we «akylly» durnukly sebitler we jemagatlar ýörelgelerini durmuşa geçirmek babatda tagallalaryň ykrar edilmeginiň nyşany we minnetdarlyk hökmünde Türkmenistanyň Arkadag şäherine Minnetdarlyk güwänamasynyň we Ählumumy Ýaşyl ösüş institutynyň Arkadag şäherine «Ýaşyl we akylly şäher» şahadatnamasynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Gurluşyk we ýaşaýyş-kommunal hojalyk ministrliginiň Merkezi ylmy-barlag we meýilnamalaşdyryş institutynyň garaşsyz ylmy-tehniki derňewleriniň netijesinde Arkadag şäheriniň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna, ekologik gurluşyk boýunça halkara talaplaryna laýykdygyny tassyklaýan Şahadatnamasynyň gowşurylmagy hem ýurdumyzda gurluşygy dowam edýän Arkadag şäheriniň «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalarynyň biri bolan «ýaşyl» gurluşygyň dünýä standartlaryna laýyklykda alnyp barylýandygynyň aýdyň kepilidir.

Arkadag şäheriniň taslama meýilleşdirilmesi we gurluşygy Türkmenistanyň gurak klimatynyň nukdaýnazaryndan amala aşyryldy. Şäheriň guruljak ýeri saýlananda, tebigy landşaft, daşky gurşaw ýaly şertler, şol sanda daglaryň golaýda ýerleşmegi dagetek sebitleriň aýratyn mikroklimaty döredýändigi göz öňünde tutuldy.

«Ýaşyl» gurluşygyň esasy talaplarynyň biri daşky gurşawyň ekologik arassalygyny gorap saklamak bilen, binalaryň we ymaratlaryň taslanmasy, gurluşygy we ulanylmagy bilen hem berk baglydyr. Mundan başga-da, «ýaşyl» gurluşygyň talaplary ýerine ýetirilende sebitiň ekologik we tebigy-geografik aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak hem-de binalaryň janly tebigata ýetirip biljek zyýanly täsirini aradan aýyrmak ýa-da mümkin boldugyça azaltmak wajypdyr. Şeýle hem «ýaşyl» gurluşygyň talaplary ýangyç-energiýa, suw we material serişdeleri tygşytly peýdalanmagy hem-de gurluşyk işlerinde ekologik arassa önümleri ulanmaklygy göz öňünde tutýar.

Ýurdumyzda güneşli günleriň agdyklyk etmegi gurulýan «ýaşyl» binalarda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, esasan hem, Gün energiýasyny giňden ulanmaklyga mümkinçilik berýär. Bu bolsa jaýlaryň we jemagat-hojalyk binalaryň daşky gurşawa Ýer ýüzünde ortaça temperaturanyň ýokarlanmagynyň we klimatyň özgermelerine getirýän zyýanly parnik gazlaryň zyňylmasyny azaltmaga mümkinçilik berer. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň meselesi ykdysadyýetiň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak bilen hem baglydyr. Energiýa tygşytlylygy, alternatiw energiýa çeşmeleri ulanmak meseleleri Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly döwlet syýasatynyň esasy şertleri bolup durýar. Bu işlerde ýyllyk energiýany hasaba almak we howanyň temperaturasyna baglylykda ýyllyk sazlaýjy, günüň dowamynda energiýanyň harçlanmasynyň üýtgeýänligi sebäpli, elektrik energiýany akkumulirleýji enjamlary ulanmak «ýaşyl» gurluşygyň esasy talaplarydyr. Bu meselede binalaryň energiýa netijelerini ýokarlandyrmak üçin ulanylýan arhitektura çözgütlerini ulanmak hem wajypdyr, ýagny guruljak binalaryň ýerleşişi Gün şöhleleriniň düşýän ugurlaryna görä amatly bolmalydyr. Alternatiw energiýa çeşmeleriniň beýleki ugry bolan ýel beketlerini giňden ulanmak üçin ýeliň belli bir kesgitli minimal tizligi bolmalydyr. «Ýaşyl» gurluşygyň talaplaryna laýyklykda, Arkadag şäheriň taslamasy işlenip düzülende sebitde ýylyň dowamynda ýeliň öwüsýän esasy taraplaryny göz öňünde tutulyp, binalaryň arhitektura taýdan ýerleşişi we esasy köçeleriň ugurlary kesgitlenildi. Bu bolsa howanyň tebigy taýdan arassalanyp durulmagyny üpjün edýär.

Gündogdy AÝMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby.

Başga makalalar
16793450c2dc9f.jpg
Pakistanyň işewür düzümleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynda Pakistanyň döwlet guramasy bolan Gujranwala Business Centre-iň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga guramanyň ýolbaşçysy Ahmed Ikram Loun ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berýär.


162da9aac8feb2.jpeg
«Demirgazyk akymy» boýunça ibermeler dikeldilenden soň hem Ýewropada gazyň bahasy arzanlamady

«Demirgazyk akymy» boýunça ibermeler dikeldilenden soň hem Ýewropada gazyň bahasy arzanlamady. Eýýäm bir hepde bäri bahalar müň kub metrine 1600 dollar derejesinde saklanýar.


1679336429d756.jpg
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Gruziýa bilen gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


162da5860ea95a.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň üsti bilen energiýa geçirijileriniň ibermelerini artdyrmaga taýýar

Penşenbe güni Çolpon-Atada (Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl welaýaty) Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň dördünji Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri gatnaşdy.


162d93038bf727.jpeg
Türkmenistan we Gruziýa hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, şol sanda energetika ulgamynda işjeňleşdirmegi maksat edinýär

20-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy.