Elektromobiller ekologiýa goragynda

12:53 29.09.2025 1513

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15152/original-168da3adfb2b5b.jpg

Elektromobil önümçiligi ekologiýa goragynda möhüm ädim. Bu Arkadag şäheriniň mysalynda hem aýdyň görünýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurlup, birinji tapgyry 2023-nji ýylda ulanmaga berlen Arkadag şäheri sebitde «akylly» şähergurluşygynyň kadalaryna doly laýyk gelýän we ekologiýa taýdan arassa şäherleriň birine öwrüldi. Şäheriň gurluşygynda möhüm ekologik talaplara, ýagny Köpetdagyň etegindäki tebigy gözelligi saklap galmak üçin «ýaşyl» tehnologiýalary giňden ulanmaga aýratyn üns berildi. Şäherde zir-zibil galyndylary hem täze tehnologiýalaryň esasynda öz wagtynda ýygnalyp, arassaçylyk düzgünleri berjaý edilýär. Şäheri dürli saýaly we pürli baglar we bezeg gülleri bezeýär, agaçlar damjalaýyn suwaryş ulgamy esasynda suwarylýar. Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy baradaky güwänama hem täze şäheriň gurluşygyna ýokary baha berlendigini görkezýär. 

Arkadag şäheriniň ekologik artykmaçlyklarynyň iň esaslarynyň ýene biri-de, bu ýerde esasy ulaglar hökmünde elektrobuslardyr, elektromobilleriň hereket etmegidir. Häzirki wagtda bu nusgalyk şäherde JAC MOTORS kompaniýasynyň kuwwatlylygy 60 kw bolan  «JAC E-J7» elektrik ulaglary hereket edýär. Bu ulaglar häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Aýratyn bellemeli zat bolsa, bu elektroulaglaryň elektrik togy arkaly kuwwatlandyrylyp, olaryň howa, saglyga zyýanly ýangyç tüssesini goýbermeýändigidir. Şundan hem görnüşi ýaly, häzirki wagtda tutuş dünýäde ýörgünliligini artdyrýan  elektromobil önümçiligi ekologiýa abadançylygyny goramakda möhüm ädim boldy diýip, ynamly aýdyp bolar. Hakykatdan-da, soňky onýyllykda elektromobiller ekologiýa goragy üçin ygtybarly serişdä öwrüldi. Ýangyç bilen hereket edýän ulaglaryň howa goýberýän zyýanly zyňyndylaryny göz öňünde tutanyňda, dünýä boýunça elektromobillere bolan islegiň artýandygynyň sebäbine düşünmek kyn däl. Eger 2020-nji ýylda elektromobilleriň soragy 11 million bolan bolsa, munuň 2020-nji ýyla çenli 145 milliona ýetmegine garaşylýar. Häzirki wagtda «Jaguar», «Audi», «CM» we «Mercedes» ýaly dünýä belli ulag öndüriji kompaniýalaryň aglabasy ýakyn 5 — 10 ýylyň dowamynda elektromobil önümçiligine geçmegi meýilleşdirýärler. Elektromobil önümçiligine geçmek ýa-da ulanyjylar tarapyndan onuň durmuşdaky ornuny pugtalandyrmak haýsydyr bir ýoň bolan täzeçillige eýermek däl-de, tebigatyň, has takygy, ekologiýanyň goragynyň tarapdary bolmakdyr. Geliň, sözümiz gury bolmaz ýaly, elektromobilleriň artykmaç taraplaryny takyk deliller arkaly seljereliň.

Elektromobiller ýangyç bilen hereket edýän ulaglara garanyňda, howa parnik gazlaryny örän az mukdarda goýberýärler. Bu ulaglaryň tüsseçykarlardan hiç hili tüsse çykarmaýandygynyň özü-de ilatly ýerleriň, aýratyn-da, şäher ýerleriň howasynyň hapalanmazlygy üçin örän oňat mümkinçilikdir. Howanyň zyýanly galyndylaryndan halas bolmagy bolsa, elbetde, ilkinji nobatda, ynsan saglygyna bahasyna ýetip bolmajak derejede oňyn täsirini ýetirýär.

Energiýany netijeli ulanmakda hem elektromobiller öz mynasyp ornuna eýedir. Olaryň ulgamdaky elektrik energiýasynyň esasy bölegini tigirleriniň işjeň hereket etmegi üçin ulanmaklary energiýany tygşytly mukdarda sarp etmäge, şeýle-de öz işleriniň netijesini artdyrmaga ýardam edýär. Elektromobilleri Gün ýa-da ýel arkaly alynýan energiýa bilen kuwwatlandyrmagyň mümkindigini olary ulanmaga has-da oňaýly görkezýär. Elektromobilleriň artykmaçlyklary olaryň kuwwatlandyryjylary bilen berk baglydyr. Häzirki wagtda bu ulaglaryň litiý-ion kuwwatlandyryjylaryny ekologiýa üçin has zyýansyz bolan görnüşe geçirmegiň üstünde işlenilýär.

Haçan-da elektromobiller gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden kuwwatlandyrylan mahaly olaryň ekologiýa durnuklylygyna bolan peýdasy has-da aýdyň  görünýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Arkadag şäherinde elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň hereket etmegi şäher ilatynyň saglygyna ýakymly täsirini ýetirýär. Hut şonuň üçin hem Arkadag şäheriniň ady uly buýsanç bilen «sagdynlygyň şäheri», «ekologiýa taýdan arassa şäher» diýip tutulmagy-da doly mynasypdyr.

Hadyja HOSROWI,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Başga makalalar
16793450c2dc9f.jpg
Pakistanyň işewür düzümleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynda Pakistanyň döwlet guramasy bolan Gujranwala Business Centre-iň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga guramanyň ýolbaşçysy Ahmed Ikram Loun ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berýär.


162da9aac8feb2.jpeg
«Demirgazyk akymy» boýunça ibermeler dikeldilenden soň hem Ýewropada gazyň bahasy arzanlamady

«Demirgazyk akymy» boýunça ibermeler dikeldilenden soň hem Ýewropada gazyň bahasy arzanlamady. Eýýäm bir hepde bäri bahalar müň kub metrine 1600 dollar derejesinde saklanýar.


1679336429d756.jpg
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Gruziýa bilen gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


162da5860ea95a.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň üsti bilen energiýa geçirijileriniň ibermelerini artdyrmaga taýýar

Penşenbe güni Çolpon-Atada (Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl welaýaty) Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň dördünji Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri gatnaşdy.


162d93038bf727.jpeg
Türkmenistan we Gruziýa hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, şol sanda energetika ulgamynda işjeňleşdirmegi maksat edinýär

20-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy.