OGT 2025: Türkmen telekeçileri üçin bütindünýä hyzmatdaşlygy ýola goýmakda täze mümkinçilikler

12:19 24.09.2025 3050

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15109/original-168d39b1154d8c.jpg

Aşgabat, Türkmenistan — 22–24-nji oktýabr aralygynda paýtagtymyzda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT 2025) atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi işewür gatnaşyklary ýola goýmak hem-de maýa goýumlaryny çekmek üçin möhüm waka bolar.

Şu ýyl bu çäre hususy türkmen kompaniýalary we telekeçileri üçin aýratyn ähmiýete eýe bolar: OGT 2025-e ilkinji gezek 30-dan gowrak halkara kompaniýasyna wekilçilik edýän 100-den gowrak wekiller gatnaşar. Olaryň arasynda Hytaý, Beýik Britaniýa, ABŞ, Gazagystan, Indoneziýa, Kaýman adalary, Azerbaýjan, Germaniýa, Kipr, Jorjiýa, Russiýa, Gollandiýa we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlardan guramalar hem bar. Bu kompaniýalar ilkinji gezek türkmen bazaryna çykýarlar we häzirki wagtda bu ýerde olaryň öz hemişelik wekilhanalary ýok we bu ýagdaý türkmen telekeçileri üçin işewür gatnaşyklary ýola goýmak we özara peýdaly hyzmatdaşlygy gurmak boýunça giň mümkinçilikleri açýar.

Işewür aragatnaşygyň ähmiýetini göz öňünde tutup, guramaçylar sergi meýdançasynda işewür duşuşyklary we gepleşikleri ýola goýmak üçin ýöriteleşdirilen B2B zolagyny işe girizdiler. B2B zolagy gatnaşyjylaryň iş maksatlarynyň, tehnologiýalarynyň we maýa goýum boýunça ileri tutulýan ugurlarynyň esasynda emeli intellekt arkaly işleýän işewürlik baglanşygy (Business Connect) atly täze meýdança bilen işewürleri biri-birine birleşdirer. Bu utgaşdyrma duşuşyklaryň şahsylaşdyrylan gün tertibini üpjün edýär, netijeli meýilnamalaşdyrmaga we halkara ülňülerine laýyk gelýän bökdençsiz işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga şert döredýär.

Guramaçylar türkmen telekeçilerini, kiçi we orta telekeçiligiň wekillerini hem-de hususy kompaniýalary OGT 2025-e işjeň gatnaşmaga we “Business Connect” meýdançasyna goşulmaga çagyrýarlar. Munuň üçin Android we iOS ulgamlarynda elýeterli bolan “Turkmen Energy Forum” (TEF App) atly mobil goşundyny ýükläp almak ýeterlikdir. Hut şu goşundynyň üsti bilen B2B-duşuşyklar herekete geçer, bu bolsa halkara aragatnaşyklary ýola goýmak we foruma gatnaşygyny tassyklan 45 döwletiň 500-den gowrak wekili bilen işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin özboluşly mümkinçilikleri döreder.

OGT gepleşikler we ylalaşyklar boýunça söhbetdeşlikleri ýola goýmak üçin halkara derejesindäki möhüm meýdança hökmünde öz ornuny pugtalandyrmagy dowam edýär. Şanly senä bagyşlanan bu maslahat öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň ýokary wezipeli çykyş edijilerini we ýolbaşçylaryny bir ýere jemlär hem-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri şertnamalara gol çekmek üçin möhüm meýdança bolar. Bularyň hemmesi forumyň bütindünýä energetika senenamasyndaky esasy halkara wakalarynyň biri hökmünde ähmiýetini has-da nygtaýar.

Gatnaşmak üçin hasaba alynmagyň iň soňky möhleti 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrydyr.

Has anyk maglumaty OGT-niň resmi web-sahypasynda tapyp bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com

Başga makalalar
16315c2ecd2e59.jpeg
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady

«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.


16315909c1463e.jpeg
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7 orna çykdy

Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7-nji orny eýeleýär. Muňa 29-njy awgustda GlobalPetrolPrices internet-neşiri tarapyndan neşir edilen dünýäde motor ýangyjynyň bahalary hakyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.


16315c2abd5f05.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan nebitgaz forumyna gatnaşdy

«Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde 31-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Tatarystan nebitgazhimiýa forumy – 2022 geçirildi. Oňa iki müňden gowrak wekil gatnaşdy. Türkmenistandan foruma «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygynyň saýtynda habar berilýär.


16317196568665.jpeg
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.


167ed1610c565e.jpg
Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda täze howa menziliniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.