Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

10:26 21.09.2025 2152

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15066/original-168ce8eb8f34d6.jpg

19-njy sentýabrda Aşgabatda Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.

Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi. Döwlet Baştutany çykyşynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, durnukly ösüşi gazanmak bilen, ykdysadyýetimiziň binýatlyk esaslary has-da berkidilýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

«Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 40 milliard 72 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdygyny belledi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

“Şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 3 müňden gowrak bolar. Ýakynda «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem kabul edildi. Bu Konsepsiýa esasynda täze, döwrebap iş orunlaryny dörederis, ilatymyzyň iş üpjünçiligini has-da kämilleşdireris” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtady.

Bellenilişi ýaly, nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek we eksport etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şu ýyl nebitgaz pudagyny ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap toplumlary gurmak, geologiýa-gözleg işlerini kämilleşdirmek bilen bagly işlere aýratyn üns berildi.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýakynda täze, döwrebap desga — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgasy işe girizildi. Bu bolsa ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport möçberini artdyrmaga we olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berýär.

Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Toplumyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertler döredilýär. Şu ýyl Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden keramiki önümler kärhanasy, paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän senagat toplumynyň çäginde bolsa çüýşe önümlerini öndürýän önümhana ulanmaga berildi. Bu desgalaryň işe girizilmegi täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda himiýa senagatynyň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumy, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumy, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen wekiliýetiniň ýakyn wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji ýubileý sessiýasyna hem gatnaşjakdygyny, bu taryhy sessiýada Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň beýan ediljekdigini belledi. Bu garaýyşlar ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüş, ulag, energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara çäreler giň gerim bilen geçirilýär. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumy hem döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Ol ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljekde hem halkara guramalar bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Başga makalalar
1621c7b16d9eb6.png
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


166cd7e1aef9e2.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi diýip, TDH habar berýär.


1621c66a726a68.jpeg
Mart aýynda Aşgabatda we Dubaýda nebitgaz maýa goýum forumy geçiriler

29-30-njy martda Aşgabatda we Dubaýda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.


16841adfb5a258.jpg
Nebitgaz toplumynda ýylyň bäş aýynyň jemlerine garaldy

5-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


164bf7495cb97b.jpg
Türkmenistan Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary dowam etmäge taýýar — DIM

Türkmenistan energetika akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyna ygrarlydyr hem-de Hazarüsti turba geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlar bilen özara hereketlerini dowam etdirmäge taýýardygyny mälim edýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligini köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýaýradan habarynda aýdylýar.